Ï Kanunçylyk we demokratiya
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kanunçylyk we demokratiya

view-icon 4092
Kanunçylyk we demokratiya

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň ösüşi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny düýpli, mazmun taýdan täzelemäge, demokratik edaralaryň işine häzirki zaman ölçeglerini we kadalaryny ornaşdyrmaga, döwletiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge, adamyň döredijilik mümkinçiliklerini açmak, raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek we goramak üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen öndebaryjy özgertmeler bilen häsiyetlendirilýär.

Häzirki wagta ynsan, onuň durmuşy, erkinligi, gadyr-gymmaty we adam hukuklary iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar edilýär.

Adamyň durmuş gymmatlyklarynyň konstitusion ýörelge derejesine göterilmegi raýat jemgyýetiniň kämilligini görkezýär. Adama bolan şeýle ynsanperwer gatnaşyk, hukuk ulgamynyň barha kämilleşdirilmegi Garaşzyslyk ýyllarynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Şeýlelikde, halk bilen Watanyň bähbitleriniň we islegleriniň birligi emele gelýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dowamat-dowam bolmagy, gülläp ösmegi, dünýäde abraýynyň artmagy halkymyzyň eşretli we bagtyýar ýaşamagynyň mümkinçiligini has-da artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimizde demokratiýany ösdürmek, kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramagyň hukuk esaslary boýunça netijeli işleri alyp barýar. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ykdysadyýeti, senagat pudaklaryny, ylmy, bilimi, medeniyeti we sporty ösdürmek bilen bagly meseleleriň çözülmegine ayratyn üns berilýär.

Şol nukdaýnazardan häzirki döwrüň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesi kabul edildi we täzeden rejenilip kabul edildi. Şeýle hem olaryň ençemesine ütgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Adam mertebesiniň in uly gymmatlyk hasaplanylýan ýurdy hökmünde kabul edilýän we hereket edýän kanunlar raýatlarymyzyň asuda durmuşyny hem-de döredijilikli işlemeklerini üpjün edýär.

Bagtyýar halkymyz bolsa döwlet berkararlygynyň, jemgyýetimiziň abadançylygynyň has-da pugtalanmagyna döredijilikli zähmetleri bilen goşant goşýarlar.

Munuň özi jemgyýet bilen döwletiň mizemezliginiň agzybirlik hem jebislik ýörelgelerine ygrarlylygyň ajaýyp nusgalaryna öwrülýär.

Eziz Muhammedow,
Tejen etrap döwlet notarial edarasynyň uly döwlet notariusy.