Ï Türkmen-rus işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygy täze ösüş depginlerine eýe bolýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-rus işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygy täze ösüş depginlerine eýe bolýar

view-icon 4371
Türkmen-rus işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygy täze ösüş depginlerine eýe bolýar

Şu gün paýtagtymyzda geçirilýän Türkmen-rus işewürlik maslahatynyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň köpugurly hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen çäreler boldy.

“Ýyldyz” myhmanhanasynda dürli görnüşde geçirilen duşuşyklar, şeýle hem Türkmen-rus we Rus-türkmen işewürler geňeşleriniň bilelikdäki mejlisinde ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de hyzmatdaşlyk meýilnamalary anyklaşdyryldy. Iki ýurduň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, iri önümçilik düzümleriniň, hususy kompaniýalarynyň arasynda geçirilen duşuşyklarda senagat kooperasiýasy, gurluşyk önümçiligi, innowasiýa hem-de maglumat tehnologiýalary, ulag-logistika, oba hojalyk pudagy, azyk önümleriniň eksporty we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri barada pikir alşylyp, anyk teklipler beýan edildi.

Hyzmatdaşlygyň bu ugurlary Türkmen-rus we Rus-türkmen işewürler geňeşleriniň bilelikdäki mejlisiniň gün tertibinde hem öz beýanyny tapdy. Mejlise iki ýurduň iri döwlet we işewürlik düzümleriniň ýolbaşçylary, geljegi uly türkmen bazarynda işlemegi meýilleşdirýän kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüş depgini bellenilip, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de onuň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin netijeli gural hökmünde bu düzümleriň ähmiýeti nygtaldy. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-rus toparynyň çözgütlerini durmuşa geçirmekde işewürler geňeşleriniň alyp barýan işleriniň ähmiýeti bellenildi. Bu toparyň 12-nji mejlisi geçen ýylyň dekabrynda geçirildi hem-de ol 15 resminama gol çekilmegi bilen tamamlandy.

Türkmenistanda amala aşyrylýan, ozaly bilen, milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, täze düşewüntli pudaklaryň döredilmegine, ýokary hilli, eksport ugurly önümleriň dürli görnüşleriniň öndürilmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeler özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar. Mejlisiň dowamynda senagat, şol sanda elektron senagat, lukmançylyk, ulag we aragatnaşyk, telekeçilik ýaly möhüm ulgamlarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk çäreler hakynda düýpli pikir alyşmalar boldy. Işewürler geňeşlerine gatnaşyjylar telekeçilik işi üçin amatly şertleriň döredilmeginiň, işewürligiň ähli görnüşleriniň, iki ýurduň işewür toparlarynyň söwda-ykdysady we ylmy-tehniki gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler. Dostlukly ýurduň işewürleri giň gerimli milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassyklap, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça anyk teklipleri beýan etdiler.

Utgaşykly görnüşde, şol sanda sanly ulgam arkaly geçirilen işewürler geňeşleriniň mejlisiniň jemleri boýunça 20-den gowrak resminama — eksport-import amallary, hyzmatlar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça şertnamalara, özara düşünişmek hakynda ylalaşyklara we ähtnamalara gol çekildi. Bu resminamalar toplumy anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçilikleriniň doly derejede durmuşa geçirilmegine ýardam berer.