Ï Halk demokratiýasynyň dabaralanmagy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halk demokratiýasynyň dabaralanmagy

view-icon 3727
Halk demokratiýasynyň dabaralanmagy

Şu gün paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi — döwlet Garaşsyzlygynyň, agzybirligiň, jebisligiň, döwletliligiň, halk demokratiýasynyň dabaralanmagy” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlaryna uly ynam bildirilýär. Munuň özi 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmeginde öz beýanyny tapýar.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki taryhy mejlisinde kabul edilen çözgütler halk häkimiýetiniň milli ýörelgeleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň hem-de “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” we “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Kanunlaryň kabul edilmeginiň konstitusion özgertmeleriň jemgyýetçilik tarapyndan doly goldanylýandygynyň subutnamasydygy bellenildi. Şunda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň we jemgyýetimiziň abadançylygyna gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. Munuň özi türkmenistanlylaryň döwletiň hem jemgyýetiň bähbidine öňe sürülýän başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygynyň beýanydyr. Bu ykbal çözüji çözgütleriň kabul edilmegi gün tertibine möhüm syýasy meseleler girizilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi ýaly forumlaryň taryhy ähmiýetini artdyrýar.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip, kanuny taýdan ykrar edilmegi Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly ýörelgäni döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlän hormatly Arkadagymyza bildirilýän belent sarpanyň nyşanyna öwrüldi.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisindäki taryhy çykyşynyň ähmiýetine üns çekildi. Onda döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi, ähli ugurlarda uly üstünliklere ýetmegiň ýolunda halkymyzyň jebisligini hem-de agzybirligini berkitjek oňyn teklipler öňe sürüldi.

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de syýasy partiýalaryň agzalary döwlet derejesinde kabul edilýän çözgütleri we kanunçylyk namalaryny giňden wagyz etmekde, olaryň ähmiýetini düşündirmekde, aýratyn-da, döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýärler.

Dabaraly maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan kabul edilen taryhy çözgütleriň ähmiýetini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar, ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan mundan beýläk-de ösdürmek üçin olaryň möhümdigini nygtadylar. Bu çözgütler halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän, Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren asylly başlangyçlaryna, eziz Watanymyza buýsanjyny has-da artdyrdy. Çykyş edenler täze mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak bilen, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüşi ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladalar üçin hoşallyk sözleri beýan edildi.