Ï «Türkmen Logistika» assosiasiýasy ulag-logistika hyzmatlarynyň hil taýdan täze bazaryny kemala getirmegi niýet edinýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmen Logistika» assosiasiýasy ulag-logistika hyzmatlarynyň hil taýdan täze bazaryny kemala getirmegi niýet edinýär

view-icon 3358
«Türkmen Logistika» assosiasiýasy ulag-logistika hyzmatlarynyň hil taýdan täze bazaryny kemala getirmegi niýet edinýär

19-20-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen wekilçilikli Türkmen-rus işewürlik maslahatyna 2020-nji ýylyň iýulynda «Aziýa ulaglary» HK, «Beýik ýüpek ýoly» HK, «Altyn ýoda» HK, «Amatly ýollar» HJ, «Türkmen ak ýol» HJ, «Kerwenli ýollar» HK we «Тürkmenistanyň ulag-logistika merkezi» APG ýaly Türkmenistanyň öňdebaryjy ulag-ekspeditorçylyk we logistika kompaniýlarynyň ýedisiniň başlangyjy bilen döredilen telekeçilik däl jemgyýetçilik birleşigi bolan «Türkmen Logistika» (TLA) assosiasiýasy işjeň gatnaşdy. Iki ýarym ýylda ulag we logistika edaralarynyň 130-dan gowragy onuň agzasy boldy we onuň agzalarynyň sany barha artýar, bu bolsa birleşige ulag-logistika hyzmatlarynyň hil taýdan täze bazaryny döretmäge we halkara ulag ulgamynda Türkmenistanyň ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ileri tutulýan wezipelerini netijeli çözmäge mümkinçilik berýär.

Geçen maslahatda assosiasiýa türkmen ulag-ekspeditorçylyk we logistika kompaniýlarynyň işi hem-de bähbitleri bilen tanyşdyrdy. «Türkmenistanyň we Russiýanyň ulag-logistika toplumynyň gatnaşyklarynyň ugurlary hem-de ýollary» tegelek stolunyň mejlisinde «Türkmen Logistika» assosisiýasynyň işi barada assosisiýanyň başlygynyň orunbasary çykyş etdi. Işewürlik maslahatynyň ikinji güni ulag we logistika temasy boýunça köpsanly duşuşyklarda «Türkmen Logistika» assosisiýasyna agza kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri RF-niň döwlet edaralarynyň we kompaniýalrynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen bilelikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Asssosiasiýanyň agzalarynyň maslahatyň işine gatnaşmagy täze telekeçilik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny baglaşmak hakda deslapky ylalaşyklara çykmaga mümkinçilik berdi. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň resmi saparynyň dowamynda gol çekilen iktaraplaýyn resminamalaryň tapgyryna «Türkmen Logistika» assosisiýasynyň agzalarynyň gol çeken iki resminamasy bar. Olar «Türkmen Logistika» açyk paýdarlar jemgyýeti bilen «Lotos» aýratyn ykdysady zolagy» paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýa Federasiýasy) bilen hyzmatdaşlyk hakda Ylalaşyk we «Тürkmenistanyň ulag-logistika merkezi» Açyk paýdarlar jemgyýeti bilen «Lotos» aýratyn ykdysady zolagy» paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda Astrahan oblastynyň port aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek hakda maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ähtnamadyr.

Işewürlik maslahatynyň çäklerinde geçirilen gepleşikler we gazanylan ylalaşyklar Türkmenistanyň ulag-ekspoditorçylyk we logistika kompaniýalarynyň «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesine goşulmagyna gönükdirlendir, bilermenleriň pikirne görä, onuň mümkinçiligi häzirki ýük akymynyň möçberinden bäş esse ýokarydyr. «Demirgazyk-Günorta» HUG-e Ýewraziýa ulag ugrunyň – Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugry boýunça ýewraziýa giňişligindäki halkara ulag geçelgeleri merkeziniň esasy bölegi hasaplanylýar. Ýewraziýa ulag ugry Hytaýa, Hindistana we Ýewropa Bileleşigine ýetýär, ol Ýewraziýa yklymynyň ykdysadyýetiniň mümkinçiliginiň doly açylmagyna, ulag gatnaşyklarynyň we logistikanyň «bütewi» has uly baglanşygyny gazanmaga, ulaglarda ýük daşalyşynyň sanlylaşdyrylmagyna ýardam edip biler. Bu babatda türkmen ulag-logistika kompaniýlarynyň «Demirgazyk-Günorta» HUG-de işjeňligi olaryň öňünde düýpgöter täze mümkinçilikleri açýar.