Ï Türkmenistanly dzýudoçy Portugaliýanyň Naýbaşy baýragy ugrunda ýaryşda güýçlüleriň bäşligine girdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly dzýudoçy Portugaliýanyň Naýbaşy baýragy ugrunda ýaryşda güýçlüleriň bäşligine girdi

view-icon 4159
Türkmenistanly dzýudoçy Portugaliýanyň Naýbaşy baýragy ugrunda ýaryşda güýçlüleriň bäşligine girdi

Türkmen dzýodoçysy Serdar Rahymow Almada şäherinde geçirilen 2023-nji ýylda Portugaliýanyň Naýbaşy baýragy ugrunda ýaryşda bürünç medala az-kem ýetmän galdy.

Baýrakly orunlar we 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpia oýunlaryna gatnaşmaga görkeziji utuk berýän ýaryşda yklymlaryň bäşisiniň 81 ýurdundan erkekleriň we zenanlaryň arasynda hersinden ýedi agram derejesinde 544 (317 erkek we 227 zenan) dzýudoçy bäsleşdi.

Türkmenistana wekilçilik eden 8 (5 erkek we 3 zenan) türgenden Serdar Rahymow iň gowy netije görkezdi.

Ol 66 kg çenli agramda medallar ugrunda tutluşan 50 dzýudoçynyň arasynda tutluşyklaryň dördüsinde ynamly ýeňiş gazandy. Serdar Mongoliýadan Unubold Lhagwažamsy we Şweýsariýadan Freddi Waýzeneggeri arassa ýeňdi, soňra «wazari» bilen Täjigistandan Obid Jebowdan hem-de Braziliýadan Erik Takabatakeden üstün çykdy.

Finala çykmak ugrunda tutluşykda S. Rahymow 2023-nji ýylda Portugaliýanyň Naýbaşy baýragynyň ýeňijisi Özbegistandan Muhriddin Tilowowdan, 3-nji orun üçin bäsleşikde bolsa Moldowadan Rad Izworeandan asgyn geldi. Tutluşygyň barşynda ildeşimiz «wazari» bilen utýardy, emma bäsleşigiň gutarmagyna 49 sekunt galanda garşydaşynyň tilsimine düşüp, ipon bilen ýeňildi we bäşinji orun bilen oňmaly boldy.

 Bu Gahryman Amandurdyýewden tälim alýan 18 ýaşly Serdar Rahymow üçin Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) ýaryşlarynda gazanan iň ýokary netijesidir.

2023-nji ýylyň 4-5-nji fewralynda Parižde (Fransiýa) geçiriljek «Uly şlýom» ýaryşy türkmen dzýudoçylary üçin nobatdaky çynlakaý synag bolar. «Dünýä tapgyry» ýaryşynyň tapgyrlarynyň arasynda hut şu ýaryş iň abraýlysy hasaplanylýar. Oňa iň kän türgen, şol sanda dünýä belli dzýudoçylar gatnaşýarlar. Geljekki «Uly şlýom» ýaryşyna ýaryşda yklymlaryň bäşisiniň 85 ýurdundan erkekleriň we zenanlaryň arasynda ýedi agram derejesinde 548 (337 erkek we 211 zenan) dzýudoçy gatnaşar diýlip çaklanylýar.

Türkmenistan oňa 10 dzýudoçy teklip etdi. Erkeklerden Aýbek Omirow, Hakberdi Jumaýew (ikisem 60 kg çenli agramda), Serdar Rahymow, Hekim Agamämmedow (ikisem 66 kg çenli agramda), Parahat Nazarow (73 kg çenli agramda) we Şatlyk Seýitmyradow (81 kg çenli agramda), zenanlardan Aksoltan Hojageldiýewa, Gurbanaý Gurbanowa (ikisem 48 kg çenli agramda), Maýsa Perdäýewa (57 kg çenli agramda) hem-de Zulhumar Daşkinowa (63 kg çenli agramda) ýurdumyza wekilçilik ederler.