Ï «Täze usul» senagat enjamlaryny ýerlemek boýunça hyzmatdaşlygy hödürleýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Täze usul» senagat enjamlaryny ýerlemek boýunça hyzmatdaşlygy hödürleýär

view-icon 3885
«Täze usul» senagat enjamlaryny ýerlemek boýunça hyzmatdaşlygy hödürleýär

Täze usul», kompaniýalary we hususy telekeçileri senagat enjamlaryny ýerlemek boýunça hyzmatdaşlyga çagyrýar.

«Täze usul» hojalyk jemgyýeti 2011-nji ýyldan bäri Türkmenistana dizel generatory, howa kompressory, howa guradyjysy, elektrik bekedi, kebşir desgasy ýaly önümçilik enjamlaryny getirýän iň uly kompaniýalaryň biridir.

Enjam öndürijiler bilen gönüden-göni hyzmatdaşlyk etmek «Täze usula» amatly baha bilen hil kepilliginiň iň gowy gatnaşygyny üpjün etmäge we satyn alnan enjamlara ýylboýy yzygiderli hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem, HJ-niň hünärmenleri enjamlary ulanmak boýunça maslahat berýärler we zerurlyk ýüze çyksa işgärlery taýýarlaýarlar.

«Täze usulyň» müşderileriniň arasynda ýurdumyzyň köp sanly gurluşyk, senagat we önümçilik edaralary, şeýle hem «Çalyk Holding», «Petronas», «Hyundai Engineering», «Gap Inşaat», «Bouygues», «Rönesans Inşaat» ýaly beýleki kompaniýalar bar.

Elektron bukjasy: info@tazeusul.com