Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny has-da dabaralandyrmak, döredilýän mümkinçiliklerden göwünleri galkynýan ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny, dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerini beýan etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi «Watan» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde gazetiň okyjylarynyň arasynda «Şu milletiň, şu topragyň nesli biz» atly makalalaryň, oçerkleriň, hekaýalaryň, goşgularyň döredijilik bäsleşigini geçirýär.
Bäsleşige hödürlenilýän işlerde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bedew batly ösüşlerinde ýaş nesliň eýeleýän orny, ýurdumyzda ýaşlaryň bagtly durmuşy üçin döredilýän mümkinçilikler döredijilikli beýan edilmelidir.
«Watan» gazetiniň döredijilik topary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna gabatlap, fotosuratçylaryň we suratkeşleriň arasynda-da «Suratlarda bagtyýar ýaşlar» atly bäsleşigi yglan etdi.
Fotosuratçylar we surat çekmäge höwesek ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny, olaryň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda çekýän döredijilikli zähmetini, ýaş nesliň ylym-bilim, medeniýet, sport, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda gazanýan üstünliklerini beýan edýän eserlerini bäsleşige hödürläp biler.
Hödürlenýän işler ozal metbugatda çap edilmedik ýa-da başga bäsleşiklere gatnaşmadyk bolmaly. Olary «Watan» gazetiniň Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýoly 100, Erkin döredijilik merkezi salgysynda ýerleşýän redaksiýasyna ýa-da watan@sanly.tm elektron poçta salgysyna ibermeli. Şeýle hem özüňiz we surat hakda maglumat goşmaly.
Bäsleşikleriň netijeleri şu ýylyň dekabr aýynda yglan ediler.
Maglumat almak üçin telefonlar: 38-61-03, 38-61-05, 38-61-16; 38-61-17.