Ï Ýurdumyzda howa ýene üýtgär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda howa ýene üýtgär

view-icon 5269
Ýurdumyzda howa ýene üýtgär
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Durnuklaşyp ýetişmedik howa Türkmenistana hem bahar maýylganlygyny, hem aýaz getirer. Hepdäniň başyna howa 20 gradus, käte ondanam ýokary maýlar. Ýöne çarşenbe gününden başlap sebitleriň köpüsinde ygal ýagar we howa 0 gradusa çenli sowuk bolar diýlip çaklanylýar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +15...+17, gijelerine +4...+6 gradus bolar. Hepdäniň ortasyndan howa 0 gradusdan +2 gradusa çenli sowar.Gar gatyşykly ýagyş ýagmagy ähtimal. Howa gijelerine –5 gradusa çenli sowar.

Ahal welaýatynda hem üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +16...+21, gijelerine +4...+9 gradus bolar. Çarşenbe güni ýagyş we gar ýagmagy mümkin. Şunuň bilen baglylykda howa gündizlerine –2...+3, gijelerine –6 gradusa çenli sowar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Howa gündizlerine +16...+21, gijelerine +4...+9 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda ýagyş ýagyp, güýçli şemal bolmagy ähtimal. Howa gündizine +9, gijesine –6 gradusa çenli sowar.

Mary welaýatynda aglaba ümürli howa bolar. Howa gündizlerine +16...+21, gijelerine +5...+10 gradus bolar. Hepdäniň ahyrynda howa gündizine –2, gijesine –7 gradusa çenli sowar. Ýagyş ýagar diýlip çaklanylýar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan ümürli howa bolup, howa gündizlerine +13...+18, gijelerine +3...+8 gradus bolar. Dynç günlerine golaý howa gündizine –3...+2, gijesine – 9 gradusa çenli sowar. Ygal ýagmak ähtimallygy bar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +7...+12, gijelerine –1...+4 gradus bolar. Käýerlerde ýagyş ýagar. Hepdäniň ortasyna howa gündizine 0...–5, gijesine –10 gradusa çenli sowar diýlip çaklanylýar.