Ï Türkmenistan Türkiýe Respublikasyna ynsanperwer kömegini iberer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Türkiýe Respublikasyna ynsanperwer kömegini iberer

view-icon 3939

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp hem-de Türkiýe Respublikasynda bolup geçen tebigy betbagtçylyklaryň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigini nazara alyp, 2023-nji ýylyň fewral aýynda dostlukly türk halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine hem-de Dokma senagaty ministrligine derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri hem-de harydy ynsanperwerlik kömegi hökmünde Türkiýe Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Daşary işler ministrligi 2023-nji ýylyň fewral aýynda Türkiýe Respublikasyna ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we gowşurylmagyny guramaçylykly geçirmäge borçly edildi.