Ï Arkadag şäheriniň muzeýi ýurdumyzyň taryhy we medeniýeti barada gürrüň berer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäheriniň muzeýi ýurdumyzyň taryhy we medeniýeti barada gürrüň berer

view-icon 8220
Arkadag şäheriniň muzeýi ýurdumyzyň taryhy we medeniýeti barada gürrüň berer

Arkadag şäherinniň täze muzeýiniň ekspozisiýasyny jemlemek boýunça işler alnyp barylýar we ol milli mirasymyzyň taryhy-arheologiki gymmatlyklaryny giňden görkezer.

Muzeý gymmatlyklaryny saýlamak, dikeltmek we taýýarlamak ugrundan işleýän hünärmenleriň aýtmagyna görä, muzeýiň gorlary ýurdumyzyň taryhy ösüşiniň ähli döwürlerini görkezer we olaryň hatarynda gadymyýetiň, bürünç we demir asyrlarynyň, neolit we eneolit eýýamlarynyň, orta asyrlaryň we beýleki döwürleriň belli ýadygärlikleri bar.

Olar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Nusaý galalary, Günorta Türkmenistanda eneolit eýýamynyň iň uly ýadygärligi -- Namazga-depe , özboluşly arheologik tapyndylar, hususan-da, maňlaýyna pöwrizeden orak şekili salnan öküziň altyn kellesi tapylan bürünç eýýamynyň, neolit we eneolit döwrüniň medeni gatlaklary bolan Altyndepe, iki reňkli nagyşly keramika önümleri we köp sanly terrakota zenan heýkeljikleri bilen tanalýan Göksüýrirdepe, şeýle hem Garadepe, Ulugdepe, Köne Sarahs, Abiwerd we beýleki ajaýyp ýadygärliklerdir. Alymlaryň belleýşi ýaly, 7-8 müň ýyl mundan ozal Merkezi Aziýada ilkinji oturymly-ekarançylyk Jeýtun medeniýeti döräpdir. Bu taryhy-medeni ýadygärlikleriň baý toplumynda sergide esasy orun Parfiýa şalygyna berler. Birnäçe tekjede onuň özboluşly medeniýetine degişli gymmatlyklar ýerleşdiriler, şeýle hem parfiýaly esgeriň we parfiýaly zenanyň adaty eşikdäki şekilleri görkeziler.

Gazuw-agtaryş işleri geçirilen wagty tapylan arheologik tapyndylar Türkmenistanyň çäginde ýaşanlaryň taryhy, maddy we ruhy medeniýeti barada gürrüň berýär. Muzeýe gelýänler süňkden we misden ýasalan gadymy önümler, nagyşly keramiki gap-gaçlar, terrakota heýkeljikleri, bürünç möhürler we kümüş şaý-sepler, owguçlar, däp-dessurlarda ulanylan zatlar we beýleki köp sanly artefaktlar bilen tanşyp bilerler.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary, Marynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň we ýurdumyzyň beýleki muzeýleriniň hünärmenleri, 2006-njy ýyldan bäri «Medeni gymmatlyklary dikletmek» kafedrasy hereket edýän Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary we talyplary Arkadag şäheriniň muzeýiniň taryhy-arheologiki ekspozisiýasyny taýýarlamaga gatnaşýarlar