Ï Ýeralmanyň bol hasyly kemala getiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýeralmanyň bol hasyly kemala getiriler

view-icon 2959
Ýeralmanyň bol hasyly kemala getiriler

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda şu oba hojalyk ýylynda 1400 gektar ýerde ýazlyk ýeralma ekilip, ondan 19 müň 600 tonna hasyl almaklyk göz öňünde tutulýar.

Welaýatda şu oba hojalyk ýylynda ýazlyk ýeralma ekilen etraplaryň ählisinde hem bu möwsüme ykjam taýýarlykly gelnendigini, bu möhüm azyklyk ekininiň ekiljek ýerleriniň öňünden kesgitlenilip, tejribeli daýhanlara ynanylandygyny belläp geçmek möhümdir.

Şonuň bilen birlikde, ýeralmanyň ýokary hasyl berýän, sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, synagdan geçen tohumlarynyň saýlanyp alynmagy hem-de ekişiň öz wagtynda, agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegi, welaýatda bu ugura aýratyn üns berilýändiginiň subutnamalarydyr.

Häzirki wagtda ekiş geçirilen meýdanlarda endigan gögerişiň gazanylyp başlanmagy babadaýhanlaryň öňde goýlan wezipelere artygy bilen hötde geljekdiklerine bolan hoş habaryň ilkinji buşlukçylarydyr.

Ekologiki taýdan arassa, öz topragymyzda bitýän ýeralmanyň bol hasylyny kemala getirmegi maksat edinýän lebaply babadaýhanlar häzirki wagtda bu möhüm azyklyk ekinine daýhan yhlasy bilen seredip, agrotehniki kadalara laýyklykda gögeriş suwuny tutmak işlerini ideg etmek çäreleri bilen utgaşykly alyp barýarlar.

Bu bolsa, ýeralmanyň talabalaýyk boý almagyna we hasyllylygynyň ýokarlanmagyna ýardam eder.

Ýurdumyzyň gündogar sebiti boýunça ýylyň ýylyna bu ekiniň bol hasylynyň alynmagyna uly goşant goşýan.

Çärjew etrabynda şu ýazky möwsümde 480 gektar, Dänew etrabynda 350 gektar, Saýat we Halaç etraplarynda degişlilikde 300 hem-de 130 gektar ýere ýeralma ekilip, ekinlere ideg işleri has-da göwnejaý alnyp barylýar.