Ï Daşoguzda gymmat bahaly çig mal taýýarlygy dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguzda gymmat bahaly çig mal taýýarlygy dowam edýär

view-icon 3725
Daşoguzda gymmat bahaly çig mal taýýarlygy dowam edýär

Bu ýyl Daşoguz welaýatynda on iki ýarym müňden gowrak adam pile önümçiliginde zähmet çekýär. Olaryň hemmesi öz wagtynda ýokary hilli gurçuk tohumy bilen üpjün edilip, ýurdumyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig maly üstünlikli taýýarlamaklary üçin, ähli zerur şertler döredildi.

Bu çäreler pile tabşyrmagy, howa şertleri zerarly bu jogapkärli oba hojalygy kampaniýasynyň ýurdumyzyň beýleki ýerlerinden giç başlanýan sebitinde-de kabul ederlik möhletde başlamaga mümkinçilik berdi. Umuman, Daşoguz welaýaty boýunça şu ýyl bäş ýüz tonna pile taýýarlamak meýilleşdirilýär. Bu möhüm önümiň esasy üpjün edijileriniň arasynda Şabat, Akdepe we Görogly etraplarynyň daýhanlary bar .

Ýüpekçilik Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň oba hojalygyk önümçiliginiň üstünlikli ösýän pudaklaryndan biridir, bu ýerde pile öndürmekde köpýyllyk tejribe toplanyldy. Ýeterlik ot-iým binýadynyň bolmagy – sebitde tut ekilen meýdanlaryň umumy meýdany iki müň gektardan-da gowrakdyr, şeýle hem welaýatyň ýüpekçileriniň ýylsaýyn artýan ussatlygy kampaniýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin möhüm şerti bolup durýar.