Ï «Kämil çözgüt» HJ: tejribeli hünärmenler üstünlikli işiň kepilidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Kämil çözgüt» HJ: tejribeli hünärmenler üstünlikli işiň kepilidir

view-icon 7419
«Kämil çözgüt» HJ: tejribeli hünärmenler üstünlikli işiň kepilidir

Täze işläp başlanyna garamazdan, eýýäm ýurdumyzda belli bolan bu gurluşyk kärhanasynyň adynyň manysy «iň gowy çözgüt» diýmekdir. Kärhananyň işgärleri bary-ýogy bir ýyldan gowrak wagt bäri öz hyzmatlaryny hödürleýärler. Şeýle hem bolsa, guramalardan we müşderilerden gelýän islegdir talapnamalaryň akymy günsaýyn artýar. Hünärmenleriň özleri işleriniň şunuň ýaly ýagdaýyny, ilkinji nobatda, tejribeli işgärleriň üstünlikli saýlanyp alynmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

Kärhananyň saýlanyp alnan işgärleri abatlaýyş we gurluşyk işlerine, binagärlik taslamalaryny işläp düzmäge, dizaýn we müşderä hyzmat boýunça beýleki meselelere jogapkärçilikli çemeleşýärler.

Ökde işgärler, gowy ýola goýlan aragatnaşyk ulgamy we hereketleriň ylalaşykly bolmagy köp sargytlary ujypsyz wagtda ýokary hilli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Hünär borçlaryny ýerine ýetirmäge şunuň ýaly çemeleşme kärhananyň ýolbaşçylaryna işgärlerini ruhy we maddy taýdan höweslendirmäge mümkinçilik berýär we iň esasysy, kärhana gurluşyk hyzmatlary bazaryndaky ornuny berkitmegini dowam etdirýär.

Kärhana gurluşyk işleriniň ählisini – gazuw, betonlama, metal desgalary gurnama, binanyň ýüz bezegi, üçek işleri we başga-da köp işleri ýerine ýetirýär. Hyzmat üçin ýüz tutýan kärhanalar onuň şahsynda kyn we adaty däl meseleleri çözmäge taýýar, ygtybarly hyzmatdaş tapýarlar. Kämil çözgüt HJ-niň elektron salgysy: kamil.cozgut@mail.ru.