Ï Hazaryň tükeniksiz baýlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hazaryň tükeniksiz baýlygy

view-icon 2899

«Gündogar Çeleken» nebit-gaz ýatagy Türkmenistanda iň ir döwürde açylan ýataklaryň biridir. Bu nebit-gaz ýatagynda we onuň çäginden daşarda gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň taryhy we çykarylyşy bilen baglanyşykly ähli wakalar uly gyzyklanma döredýär. Şeýle ýataklaryň tapylmagyna we işe girizilmegine, hem-de nebit-gaz ýatagynyň ykdysady ösüşine goşant goşmaga gönüden-göni gatnaşanlar bilen ýüzbe-ýüz bolanyňda, şol taryhy wakalaryň jikme-jiklikleri barada soramak islegi döreýär.

Bu soraglaryň käbiri bilen takmynan ýigrimi ýyl «Hazar» konsorsiumynda modelleme merkeziniň başlygy bolup işlän nebit-gaz toplumynyň ýaşulysy Sergeý Wiktorowiç Grigorýewe ýüzlendik:

– Sergeý Wiktorowiç, mümkin bolsa, başlangyç üçin «Gündogar Çeleken» meýdançasyndaky işiň gözbaşy, onuň nebit ýatagy hökmünde açylyşy barada gysgaça aýdyp geçseňiz.

– Gündogar Çeleken ägirt uly Çeleken antiklinal gurluşyň demirgazyk-gündogar ganatydyr. Ony öwrenmek we işlemek XIX asyryň ahyrynda başlanypdyr. «Çeleken» ýatagynyň uly geljeginiň barlygyny kesgitlemek geçen asyryň 70-90-njy ýyllarynda buraw işlerini yzygiderli geçirmek arkaly amala aşyryldy. Ilkinji guýular aşaky gyzyl reňkli gatlaklardan köp mukdarda gazy bolan 100 m3/s çenli nebit akymyny berdi. Şol döwürde käbir guýularyň işi saklanyldy.

– «Türkmennebit» döwlet konserni işi saklanylan guýularyň gaýtadan işe girizmek üçin, nähili mümkinçilikleri ulandy?

– 1999-njy ýylda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan «Gündogar Çeleken» meýdançasyny gaýtadan işe girizmek üçin, önümçiligi paýlaşmak şertnamasy boýunça «Hazar» konsorsiumyna (oňa Konserniň operatory hökmünde «Hazarnebit» we maýa goýujy hem bilermen hökmünde soňra «Maýtro Internäşnl Limited» (MIL) atlandyrylan «Pade Oil» kärhanasy girýärdi) hukuklaryň berilmegi bilen, ýigrimi ýyl mundan ozal anyklanan «Gündogar Çeleken» nebit-gaz ýatagynyň geljegini güýçli depginde özleşdirmek üçin işler başlandy.

– Siziň pikiriňizçe, peýdaly işler önümçilik düzüminiň döreýiş döwründe ýerine ýetirilipdir.

– Kärhananyň ýolbaşçylygyna tehnika we geologiýa taýdan ýokary derejeli hünärmenleriň gelmegi we olaryň meýilnama laýyklykda yzygiderli kabul eden çözgütleri, operator bilen bilelikde nebit-gaz ýatagyny ýokary derejä çykarmak, ýagny meýdançany başlangyç tapgyrdan saklanan gözleg burawlamasyna çenli gelip, häzirki wagtda bolsa işlemeýän guýularyň sanyny azaltmak başartdy.

Nebit-gaz ýatagyny ýokary önümçilik derejesine çykarmak boýunça oýlanyşykly işiň üpjün edilmegi üçin, kärhana gözýetimleri açmak we özleşdirmek, geologiki we gidrodinamiki modellemek işlerini, gaýtadan işlemegiň usullaryny we beýleki baglanyşykly analitik işleri bilýän, şeýle hem ýokary derejeli ulgam hünärmenleri işe kabul edildi.

2003-nji ýylda hasaplama, grafika we ýokary derejeli matematiki enjamy satyn alyp, öz modelleme merkezini döretmek bilen, merkeziň iň ýokary mümkinçilikleriniň wezipeleriniň onuň üstüne ýüklnemesi kärhananyň amala aşyran ähmiýetli işleriniň biri boldy.

– «Hazar» konsorsiumynyň önümçiligi giňeltmek boýunça işiniň yzygiderliligi nämä esaslanýardy?

– Modelleme merkeziniň döredilmegine garamazdan, «Hazar» konsorsiumy tarapyndan amala aşyrylýan geofiziki gözlegleriň maglumatlaryny gaýtadan işlemegiň netijelerini ulanýardy.

Şeýle hem, merkeziň hünärmenleriniň has ýokary derejeli programma üpjünçiligini ulanyp, şeýle işleri ýerine ýetirendigini bellemelidiris.

Mundan başga-da, merkeziň işgärleri ähli sanly materiallary arhiwleşdirýärdiler. Arhiwleşdirme ösüşiň islendik döwründe guýynyň gözleg taryhyna ugurdaş deňeşdirme düşündirişini amala aşyrmaga mümkinçilik berýärdi.

Konsorsium her ýyl önümçilik burawlamasyny artdyrmagyň esasly meýilnamasyny işläp düzýärdi, bu bolsa gysga wagtyň içinde önümçilik guýularynyň ätiýaçlyklaryny ep-esli ýokarlandyrmaga we şeýlelik bilen, gündelik nebit öndürijiligini artdyrmaga mümkinçilik döretdi.

– Adatça, ähli meýdanlarda gurulýan guýularyň köpüsi dik gurulýar. Konsorsium gytak ugrukdyrylan guýulary ulandymy, eger ulanan bolsa, bu iş nähili amala aşyryldy?

– 2002-2003-nji ýyllarda meýdançada synag maksady bilen gytaklaýyn ugrukdyrylan guýy burawlandy, bu guýa maksatly önümçilik gözýetimlerinden uzak möhletleýin köp mukdarda nebit öndürmek mümkinçiligi berildi.

Burawlama işi guýynyň traýektoriýasyny «Şlýumberje» kärhanasy tarapyndan 2002-2003-nji ýyllarda, 90-njy ýyllarda geçirilen birnäçe seýsmik gözlegler netijesinde sebitiň geologik modelini ulanmak bilen döredilen telemetrik usulda yzarlamaga esaslanýardy.

– Modeller merkeziniň eýýäm burawlanan ýataklara garanyňda, beýleki gözýetimleriň öndürijiligini kesgitlemek synanyşygy boldumy?

– Hawa, esasly ätiýaçlyklar hem tapyldy. Günorta-Günbatar Türkmenistanyň birnäçe käninde öz wagtynda apşeron gatlaklarynyň öndürijiligi açyldy, bu bolsa alnan nebitiň möçberine öz goşandyny goşdy.

– «Gündogar Çeleken» ýatagynyň geljekde önümçiligi artdyrmak üçin nähili mümkinçiligi bar?

– Önümçiligi ýokarlandyrmagyň geljegi barada aýdylanda, bu ýatak üçin üç sany hakyky ugur bar: apşeron gatlaklaryny bir kategoriýadan beýlekisine geçirmek mümkinçiligi bilen; magdan ýataklary üçin ştutser saýlamagyň iň gowy usulyny ýola goýmak we gurruk guýulary dikeltmek tehnologiýasyny ornaşdyrmak bilen. «Gündogar Çeleken» meýdançasynda 6000 m çuňlukda gözleg we parametrik guýy gazmak arkaly iki sany geljegi uly ýatak tapyldy. Olar maksatly ýataklardan şu aralykda ýerleşýärler: birinjisi, takmynan 1000 m aşakda, ikinjisi, takmynan 1300 metrlikde. Ikinjisinde, perforasiýadan soň aşaky gatlaklardan gaz-nebit-suw çykdy, bu bolsa toplumyň geljeginiň bardygyny tassyklaýar.

Olaryň sebitiň infrastrukturasynyň çäginde işleme girizilmegi goşmaça gözleg burawlaryny talap eder. Şeýle-de bolsa, täze gözýetimleri açmaga edilen çykdajy birnäçe esse bolup gaýdyp geler.

 – Söhbetdeşlik üçin sag boluň!