Ï "Farap awtoýollary" gümrük nokadynda MDP sanly taslama ulanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

"Farap awtoýollary" gümrük nokadynda MDP sanly taslama ulanyldy

view-icon 2942
"Farap awtoýollary" gümrük nokadynda MDP sanly taslama  ulanyldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň "Farap awtoýollary" gümrük nokadynda we Özbegistanyň Döwlet gümrük komitetiniň "Alat" gümrük nokadynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhedinde ýerleşýän MDP-niň halkara gümrük tranzitiniň sanly ulgamy arkaly ýükleri geçirmek amala aşyryldy.

Ýükleriň geçiş döwründe sanly üstaşyr kepillikleri taraplaryň gümrük bölümleri tarapyndan üstünlikli işlenildi.

Bu ulgam harytlary köp halkara serhetlerinden geçirmegiň iň aňsat we ygtybarly usulydyr.

Ol gümrük edaralaryna we ulag-logistika kompaniýalaryna administratiw işleri azaltmak bilen serhetlerdäki işlerini ýeňilleşdirýär.

Bu ulgam serhetdäki garaşmak wagtyny ep-esli azaldar we wagty hem-de puly tygşytlaýar.

MDP Konwensiyasyna ylalaşyklar esasynda dünýä boýunça 77 ýurt goşuldy.

Olaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny aýratyn bellemek gerek.

“Merkezi Aziýanyň transport geçelgelerinde sebit hyzmatdaşlygyny we söwdany ösdürmek üçin MDP işlerini  sanlylaşdyrmak” synag taslamasy Halkara Hyzmatdaşlyk Guramasy (GIZ), Halkara ýol ulaglary bileleşigi (IRU), THADA we AIRCUZ  halkara ýük daşaýjylaryň milli birleşikleri tarapyndan durmuşa geçirilýär.