Ï “Parahat” hususy kärhanasy “ÝEGANA” şokoladynyň görnüşini artdyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Parahat” hususy kärhanasy “ÝEGANA” şokoladynyň görnüşini artdyrdy

view-icon 9740
“Parahat” hususy kärhanasy “ÝEGANA” şokoladynyň görnüşini artdyrdy

“Parahat” hususy kärhanasy ýokary hilli kraft şokoladyny halaýanlar üçin täze şokolad önümlerini, ýagny hoz bilen bezelen “ÝEGANA” haryt nyşanly şokolad döredip, bazara hödürledi.

Şokoladlar owradylan pissedir badam goşulan süýtli we owradylan pisse, klýukwa hem-de wafli bölekleri goşulan ak şokolad görnüşde hödürlenýär.

Geçen ýylyň ahyrynda bu kärhana şokolad nogullaryny öndürmek bilen, “ÝEGANA” haryt nyşanly önüminiň görnüşini artdyrdy. Onda pisseli nogul, hozly nogul we “howa” tüwüli nogullar bar.

Häzirki wagtda bu kärhana “ÝEGANA” öndürýän bölümlerini artdyrmagyň üstünde işleýär. Süýji, mylaýym süýt tagamynyň gadyryny bilýänler üçin “Parahat” täze önüm – eýýäm hemmelere mälim bolan “ÝESERJE” haryt nyşany bilen “Pisseli şokolad mäjumyny” taýýarlady. Önümçilik tehnologiýasy gaýtalanmajak hoz tagamyny saklap galmaga mümkinçilik berýär.

Sarp edijiler eýýäm täze önüme ýokary baha berdiler we kärhana, munuň üstesine, “ÝESERJE” haryt nyşany bilen ýene bir önümi öndürip, süýji iýmitleri halaýan iň kiçi müşderileriniň hem göwnünden turmak kararyna geldi. Çagalar üçin çörek taýajyklary bilen ýaýradylan hoz şokoladynyň mäjumy şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri bazara çykarylýar.

Önümiň reňbe-reň gaby eýýäm täze önümiň tanymal haryt nyşanyna öwrüldi.