Ï Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşyklary geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşyklary geçirildi

view-icon 4852
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşyklary geçirildi

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň çäginde 2023-nji ýylyň 6-njy iýunynda Tbiliside iki ýurduň telekeçileriniň, şeýle hem Türkmenistan we Gruziýanyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy we ulag pudaklarynda bar bolan iri söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gatnaşanlar milli önümleri mahabatlandyrmak, işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek, maýa goýumlaryny çekmek we kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin taraplaryň söwda-ykdysady çärelere gatnaşmagynyň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň milli ykdysadyýetiň ösmegine, häzirki zaman senagat, maliýe we söwda infrastrukturasynyň emele gelmegine, telekeçilik işi üçin amatly şertleriň döredilmegine, telekeçiligiň ähli görnüşiniň hemmetaraplaýyn ösmegine, işewür toparlarynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-döredijilik gatnaşyklarynda iki ýurdyň Söwda-senagat edaralarynyň ähmiýeti bellenildi.