Ï Mekdep okuwçylary üçin her gün iki sirk tomaşasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mekdep okuwçylary üçin her gün iki sirk tomaşasy

view-icon 1943
Mekdep okuwçylary üçin her gün iki sirk tomaşasy
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Ulularyň aglabasy sirki gowy görýär, çagalaryň bolsa hemmesi onuň muşdagy. Ýazky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sahnasynda aşgabatly oglan-gyzlar üçin günde iki tomaşa görkezilýär.

Dynç alýan okuwçylar sirk oturgyjynda oturan dessine, mümkin däl zatlaryň mümkin bolýan, hemme zadyň adatdan daşary owadan, hezil, gülküli we baýramçylykly ýeri bolan ertekiler dünýäsine düşýärler.

Sirkiň döredijilik topary tomaşaçylaryň gyzyklanmasyny söndürmezlik üçin çykyşlaryny yzygiderli täzeläp durýarlar. Emma «Çarli Çaplin» ýa-da «Erkin atlar» ýaly üýtgetmä mätäç däl çykyşlar-da bar. Olar şeýle bir gowy welin, hemişe tomaşaçylaryň alkyşyna mynasyp bolýarlar.

Bu gezek masgarabaz oýunlary iň gowy tomaşa boldy. Gyzyl mata bilen gazaply öküziň gaharyny getirmäge milt eden Pena Myratdurdyýew öküziň garşydaşy toreodoryň keşbinde täze çykyşyny ýerine ýetirildi. Bir pursatda ol edermenligi elden berdi we gorkudan ýaňa bir tomaşaçynyň gujagynda gizlendi. Emma Pena özüne erk edip bildi, öküze palan saldy we sahnadan ýeňiji bolup çykdy. Tomaşaçylaryň gülküden ýaňa, gözleri ýaşaryp gitdi.

Şeýle-de bolsa, tomaşanyň daň ýyldyzy Röwşen Meläýew boldy. Özüniň degişmeli çykyşy bilen ol tomaşaçylar bilen ýakyn aragatnaşyk saklady we tomaşaçy toparlarynyň arasynda ýaryşlar gurady. Simfonik estrada orkestriniň janly sazy onuň çykyşyna öz oňyn goşandyny goşdy. Mekdep arakesmelerindäki ýaly, ýöne birnäçe esse güýçli goh sirki asmana göterdi. Goňşy oturan tomaşaçylardan belli bolşy ýaly, oglanlaryň käbiri bu çykyşy görmek üçin bu ýere ikilenç gelipdirler.

«Galkynyş» at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary ajaýyp çykyş etdiler. Nowruz baýramyna bagyşlanan sirk tomaşasyny tamamlan «Galkynyş» at üstündäki oýunlar toparynyň atlylary çakganlyk, çalasynlyk, batyrgaýlyk, gaýduwsyzlyk we tizlik görkezdiler.