Ï Häzirki zaman tanslaryň konserti guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Häzirki zaman tanslaryň konserti guraldy

view-icon 2076
Häzirki zaman tanslaryň konserti guraldy
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

«Türkmenistan» kinokonsert merkezinde ýurdumyzyň 11 tans toparynyň gatnaşmagynda häzirki zaman tanslarynyň konserti geçirildi.

Sahnadaky tansçylary we tomaşaçylary diňe bir zat – tansa bolan söýgi birleşdirdi. Konsert ajaýyp tans tomaşasyna öwrüldi we onda her bir tans topary özleriniň iň gowy çykyşlaryny tomaşaçylar bilen paýlaşdylar. 

Konserti horeograf Aýna Gurbanowanyň «Boginýa» atly tans topary açdy. Gyzyl lybas geýnen gyzlar hindi tansynyň hereketleri bilen utgaşdyrylan breýk-dans kompozisiýasyny ýerine ýetirdiler.

Horeograf Mekan Batyrowyň «Crazy Boys» toparynyň ýigitleri öz çykyşlary bilen tomaşaçylarda ajaýyp täsir galdyrdylar. Tansçylar Maýkl Jeksonyň stiline gyzyklanýandyklaryny görkezdiler we birkemsiz çykyş etdiler. Olaryň iň ýaş tansçysynyň 3 ýaşyndadygyny bellemek gerek.

Çagalaryň bar ýerinde bolsa hemişe ýatdan çykmajak gyzykly wakalara gabat gelýäris. Kiçijik tansçy gyzjagaz alyp baryjy tomaşaçylar bilen gürleşýänçä garaşmakdan ýadap, çykyşlary yglan edilmänkä sahna çykdy. Alyp baryja diňe egnini gysyp, ýaş zehinlere ýol beräýmek galdy.

«Lezginka» tans topary joşgunlylygy we çalasynlygy bilen tomaşaçylary özüne bendi etdi. Öz üstünliklerini duýan tansçylar Ermeni Dargin, Çeçen, Azerbaýjan we Kawkaz lezginkalary bilen çykyş etdiler.

Şol wagt hem alyp baryjy breýk-dans tansçylary bilen lezginka tansçylarynyň bäsleşmeklerini teklip etdi. Haýsy toparyň çykyşyna tomaşaçylar uzak el çarpsalar, şolar hem ýeňiji bolmalydy. «Kim ýeňer?» diýen sorag hemmeleri gyzyklandyrdy. Dostlyk ýeňdi, sebäbi tomaşaçylar iki bäsdeşe hem uzak wagtlap el çarpdylar.

Bu konsertiň guramaçysy Türkmenistanyň sport tanslary Federasiýasy boldy. Bu konsert ýaşlaryň diňe tans etmegi söýýändiklerini däl-de, eýsem, konsert zallaryny dolduryp, çykyş edip bilýändiklerini hem görkezdi. Olaryň ýygy-ýygydan çykyş etmeklerini arzuw edäýmek galýar!