Ï Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi

view-icon 2811

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we şol çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary hem-de çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede, guramaçylykly geçirmegi üpjün etmäge borçly edildi.