Ï Eziz Diýarymyzda ýangyç-energetika toplumynyň desgalary döwrebaplaşdyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eziz Diýarymyzda ýangyç-energetika toplumynyň desgalary döwrebaplaşdyrylýar

view-icon 2158
Eziz Diýarymyzda ýangyç-energetika toplumynyň desgalary döwrebaplaşdyrylýar

Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynyň desgalaryň durkuny täzelemek ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan öndürilýän suwuklandyrylan gazy kabul edýän, saklaýan we ýükleýän desgalary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada wise-premýer B.Amanow hasabat berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň belleýşi ýaly, konsern tarapyndan degişli desgalaryň durkuny täzelemek ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu desgalar üçin zerur bolan maddy-tehniki serişdeler bökdençsiz üpjün edilýär. Munuň özi olaryň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, degişli teklipler beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda suwuklandyrylan gazy öndürmäge hem-de ony halkara bazarlara ygtybarly ibermäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. 

Munuň üçin öndürilýän suwuklandyrylan gazy talabalaýyk kabul etmäge, saklamaga we ýüklemäge niýetlenen desgalary döwrebaplaşdyrmak möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we beýan edilen teklipleri goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.