Ï Ženewada türki dünýäsiniň suratkeşleriniň sergisi bolar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ženewada türki dünýäsiniň suratkeşleriniň sergisi bolar

view-icon 2099
Ženewada türki dünýäsiniň suratkeşleriniň sergisi bolar

2024-nji ýylyň aprel aýynyň 22-26-sy aralygynda Ženewada türki medeniýeti we sungaty, şeýle hem hyzmatdaş türki guramalary we olaryň işi bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen dürli çäreler guralar. Medeni maksatnama temalaýyn panelleri, çekilen we fotosurat sergilerini, şeýle hem türki dünýäsiniň sungat toparlarynyň gatnaşmagynda uly baýramçylyk konsertini öz içine alýar.

Bu çäre TÜRKSOÝ, ýagny Türki medeniýetiniň halkara guramasy, Türki medeniýeti we mirasy gaznasy, Halkara türki akademiýasy we türki dilli ýurtlaryň parlament assambleýasy bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň Ženewadaky wekilhanasy, Bütindünýä akyl emlägi guramasy we Ženewa konserwatoriýasy tarapyndan guralýar. Olar türki dünýäsiniň dürli-dürli baý medeniýetini, türki dilli halklaryň döredijiliginiň iň gowy nusgalaryny we olaryň ruhy birligini görkezerler.

22-nji aprelde Milletler Köşgünde serginiň açylyş dabarasy bolar, onda türki dünýäsiniň suratkeşleriniň «Zenan – türki dünýäsinde», «Ýüpek ýol» we «Magtymguly Pyragy» mowzugy boýunça çeken özboluşly işleri görkeziler. Sergi 3-nji maýa çenli işlär. 23-nji aprelde meýilleşdirilen uly baýramçylyk konsertine Azerbaýjany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Özbegistany, Türkiýäni we Saha-Ýakudystany (RF) goşmak bilen, ýedi ýurtdan 30 artist gatnaşar.