Ï Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzda geçiriljek çäreler barada belläp geçdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzda geçiriljek çäreler barada belläp geçdi

view-icon 2601
Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzda geçiriljek çäreler barada belläp geçdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisde 2024-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek çäreler barada belläp geçdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,7 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8 göterime, söwdada 8,2 göterime, gurluşykda 5,8 göterime, oba hojalyk pudagynda bolsa 5 göterime deň boldy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şu aýynda ýurdumyzda köp sanly desgalaryň açylyş dabaralary, birnäçe halkara çäreler geçiriler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şol dabaralaryň hatarynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat bar. Şunuň bilen baglylykda, bu çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakyn wagtda okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň we raýatlaryň zähmet rugsatlarynyň başlanýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ähli jogapkär ýolbaşçylara Awazadaky myhmanhanalary, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, beýleki şypahanalary, welaýatlardaky hem-de Aşgabat şäherindäki çagalar dynç alyş ýerlerini tomus möwsümine talabalaýyk taýýarlamagy tabşyrdy.