Ï Türkmen gurjak teatrynyň indi öz saýty bar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen gurjak teatrynyň indi öz saýty bar

view-icon 2134
Türkmen gurjak teatrynyň indi öz saýty bar

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň resmi saýty synag görnüşinde başlady.

Täze internet-serişdesi ulanyjylara taýýarlanylýan oýunlar, teatrda ilkinji gezek görkezilýän sahna oýunlary we onlaýn bilet satyn almak mümkinçiligi barada has täze maglumatlary hödürleýär.

Mundan başga-da, saýtda teatryň aktýorlary hakda maglumatlar bar. Spektakllardan owadan suratlar we bildirişli galereýa döredildi. Tomaşaçylara amatly bolar ýaly afişalara gysga düşündiriş berilýär.

Saýt dört dilde – türkmen, türk, iňlis we rus dillerinde işledilýär.

Türkmen döwlet gurjak teatry çagalaryň dynç alýan meşhur ýerleriniň biridir. Bu ýerde oglanjyklardyr gyzjagazlar diňe bir spektakllara tomaşa etmän, eýsem, aktýorlar bilen söhbet edip, gurjak oýunlarynyň gahrymanlary bilen oýnap bilerler.

Häzirki wagtda «Aladdin», «Arşyn mal alan», «Alýaňak» ertekileri çagalaryň arasynda has meşhur. Ýakyn wagtda https://turkmenistan.gov.tm/ru/post/82771/v-kukolnom-teatre-ozhidaetsya-premera-spektaklya-o-cennom-kamne «Mähekdaş» sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi bolar. Teatrda, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan kitaplaryň jadyly güýji barada spektakl taýýarlanylýar.