Ï Ýeňiş güni mynasybetli baýramçylyk konserti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýeňiş güni mynasybetli baýramçylyk konserti

view-icon 2215
Ýeňiş güni mynasybetli baýramçylyk konserti
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli geçirilen uly konsert «Men seni söýýärin, durmuş» atly aýdym bilen açyldy. Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahnasynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfonik orkestriniň ýerine ýetirmeginde Eduard Kolmanowskiniň sazy ýaňlandy.

Harby aýdymlaryň konserti öz janyndan geçip, geljek nesiller üçin azatlyk gazananlara çuňňur sarpadyr. Ruhuň güýjüne-güýç goşýan we edermenligi wasp edýän bu aýdymlar halkyň kalbynda hemişe ýaşar.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbi Annadurdyýewanyň ýerine ýetiren «Ene hakynda ballada» aýdymy diňleýjileriň ählisinde diýen ýaly duýgudaşlyk oýardy. Döwran Şammyýewiň we Anna Weliahmedowanyň ýerine ýetiren uruş ýyllarynyň iň meşhur aýdymlaryndan biri bolan «Katýuşa» aýdymy köpçüligiň göwnüni galkyndyrdy. Tomaşaçylar el çarpyp, agzybirlik bilen aýdymy alyp göterdiler. Ýaşyna garamazdan, diňleýjileriň hemmesiniň gözünden şatlyk nury saçyldy.

Konsertde 20 töweregi aýdym ýaňlandy. Onda «Garaňky gije», «Soňky söweş», «Maý walsy», «Garagözelek gyz» we beýleki ajaýyp aýdymlar ýerine ýetirildi.

Däp bolşy ýaly, konsert Dawid Tuhmanowyň «Ýeňiş güni» aýdymy bilen tamamlandy. Bu aýdymy ýekelikde Mansur Şaripowyň aýtmagynda A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň «Dostluk» çagalar hory ýerine ýetirdi. Onuň ilkinji kakuwlaryndan tomaşaçylar ýerinden turup, aýdymyň iň soňky sözüne çenli bagşylar bilen bilelikde aýtdylar. Bu kiçeňräk hoşniýetli hereket arkaly adamlar urşa gatnaşanlaryň hemmesine çuňňur hormatlaryny beýan etdiler.

Konsert Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldawy bilen guraldy. Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň adyndan Türkmenistanyň Döwlet simfonik orkestriniň dirižýory we çeper ýolbaşçysy Resul Gylyjowa elwan bägül çemeni sowgat berildi, baýramçylyk konsertine gatnaşanlaryň hemmesine guramaçylaryň adyndan ak gülden doly ullakan sebet gowşuryldy.