Ï «Kamçatskiý Meridian» söwda öýi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Kamçatskiý Meridian» söwda öýi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanýar

view-icon 2054
«Kamçatskiý Meridian» söwda öýi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanýar

Ýerli we daşary ýurtlaryň iri azyk kompaniýalarynyň wekilleri Aşgabadyň Söwda-senagat edarasynda açylan häzirki zaman azyk önümçiligi tehnologiýalarynyň halkara sergisine geldiler.

Oňa gatnaşyjylarynyň arasynda «Kamçatskiý Meridian» söwda öýi hem bar. Russiýanyň bu kompaniýasy mintaý eti, gaplanan mintaý bagry, gyzyl işbil, duzlanan doňdurylan treska we Ohot deňziniň beýleki datly tagamlary ýaly ýarym taýýar balyk önümlerini öndürmekde we satmakda ýöriteleşýär.

Söwda boýunça menejer Swetlana Zamýatina:

– Kompaniýamyzyň esasy işi ýokary hilli täze doňdurylan balyk we deňiz önümlerini sebit hem-de halkara bazarlaryna lomaý ibermekdir. Türkmenistanda Kamçatkanyň öňdebaryjy öndürijilerinden täze doňdurylan, ekologiýa taýdan arassa balyk önümlerini satmak üçin hyzmatdaş tapmagy meýilleşdirýäris – diýdi.

Wladiwostokda ýerleşýän kompaniýanyň esasy edarasynyň düzüminde balyk önümlerini öndürýän iri zawodlaryň 10-sy bar. Kärhanalar ýylda 50-den 100 müň tonna çenli balyk tutýar we olaryň 40 müň tonnasy ak balyk we azatmahylar (gorbuşa, kižuç, nerka we ş.m.) balyklardyr.

– Hyzmatdaşlarymyzyň arasynda Özbegistan, Gazagystan we Azerbaýjan bar. Biziň Türkmenistana ilkinji gelşimiz. Häzirki wagtda bazary we logistika mümkinçiliklerini öwrenýäris. Aşgabat barada örän ýakymly täsire eýe bolduk. Bu gözel şäheriň adamlary hem örän mähirli. Türkmen kärdeşlerimiz bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga umyt bildirýäris – diýip, Swetlana Zamýatina aýtdy.