Ï Paýtagtymyzda «Agro-Pak Türkmenistan – 2024» halkara sergisi dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda «Agro-Pak Türkmenistan – 2024» halkara sergisi dowam edýär

view-icon 2203
Paýtagtymyzda «Agro-Pak Türkmenistan – 2024» halkara sergisi dowam edýär

«Bellakt» Belarus kompaniýasy Türkmenistanyň sergi merkezinde ilkinji gezek öz önümlerini hödürleýär. Kompaniýa ýokary hili bilen bütin dünýäde arzyly çaga iýmitlerini we süýt önümlerini öndürýär.



Kompaniýa önümlerini 20-den gowrak ýurda eksport edýär. Paýtagtymyzda geçirilýän sergide bäbekler üçin gury süýt önümlerini, üç ýaşa çenli çagalar üçin çaga iýmiti, dorag tagamlary, süýtli şüle, gatyk, süýt kokteýlleri, şireler, pýure, çaýlar we başga-da ençeme önümleri hödürlenýär.

Belarus öndürijileriniň önümlerine Türkmenistanyň bazaryna isleg uludyr. Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý:

– Belarusyň önümleri ýerli ilat gowy görýär. Şonuň üçin «Bellakt» kompaniýasy iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam edip biler – diýdi.