Ï Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» mynasybetli dabaralar geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» mynasybetli dabaralar geçirildi

view-icon 3315
Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» mynasybetli dabaralar geçirildi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Şu gün Türkmenistanyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ol soňky jaňyň kakylmagy bilen, ýaş oglanlaryň we gyzlaryň on müňlerçesiniň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Uçurymlar üçin mekdep bilen hoşlaşmak tolgundyryjy pursatlara, joşgunly, şatlykly wakalara utgaşyp, özbaşdak durmuşa gadam basylýandygyny alamatlandyrýar. Mekdep ýyllarynyň dowamynda ýaşlar ähli ugurda kämilleşmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjek köptaraply bilim aldylar.

Ýaş nesilleriň saglygy, terbiýesi, bilimi, ýokary intellektual mümkinçilikleri, olaryň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmaga ukyply adamlar bolup ýetişmekleri babatda edilýän aladalar hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biridir. Olara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, daşary ýurtlaryň bilim edaralarynda okamak üçin hem ähli mümkinçilikler döredilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda kämil milli bilim ulgamy döredildi. Oňa täzeçil usullar işjeň ornaşdyrylýar, okuw maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, okuw kitaplarydyr gollanmalary many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Durmuşa geçirilýän bilim syýasatynyň esasy maksady ýurduň bilim ulgamyny halkara standartlaryň derejesinde we umumy kabul edilen kadalara laýyklykda kämilleşdirmekden, öňdebaryjy tejribäni ulanmakdan, ösüp gelýän ýaş nesli milli hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemekden, olara döwrebap bilim bermekden ybaratdyr. Şu maksatlar bilen, her ýyl diňe bir şäherlerde däl, ýurdumyzyň iň alys künjeklerinde-de täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlar, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen mekdepler gurlup ulanmaga berilýär. Häzirki döwrüň ýaşlary Garaşsyz Watanymyza we mähriban halkymyza wepaly bolup, zähmetsöýer, ýokary ahlakly nesiller hökmünde ýurdumyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler. Olaryň hemmetaraplaýyn bilimli bolmagyna, täzeçil tehnologiýalardan baş çykarmaklaryna aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady maksatnamalaýyn esasda pugtalandyrylýar. Meýilnamalary amala aşyrmak, Aziýa, Ýewropa we Amerika yklymlarynyň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.

...Asylly däbe görä, ir bilen mekdepleriň göreldeli uçurymlary, ökde okuwçylar, bilim ulgamynyň işgärleri Watanymyzyň iň täze taryhynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde we Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýdular. Şeýle hem ähli welaýatlaryň Baş baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralary geçirildi.

Mekdep ýyllarynda dürli sport ýaryşlarynda, ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan, döredijilik we çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edip, has tapawutlanan okuwçylara, bilim ulgamynyň işgärlerine hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Soňra okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda dabaraly nyzamlar geçirildi. Çagalaryň, ene-atalaryň, mugallymlaryň we halypalaryň adyna hoşallyk sözleri, arzuwlar aýdyldy. Beden taýdan sagdyn, ruhubelent, zehinli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdiren mugallymlar aýratyn üns bilen gurşalyp alyndy. Bu ajaýyp gün asylly maksatlaryň nurana baýramy hökmünde olaryň hakydasynda hemişelik galar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna iberen Gutlagynda «Soňky jaň» dabarasynyň bagtyýar ýaşlaryň juwan kalbynda Watanymyza, merdana halkymyza bolan beýik buýsanjy, guwanjy hem-de söýgini terbiýeleýän ajaýyp bilimler baýramydygy bellenilýär. Nygtalyşy ýaly, maksada okgunly nesiller watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmetsöýerligi, belent ahlaklylygy özlerine hemişelik ýörelge edinmelidirler. Ýaşlar şöhratly geçmişimize, beýik döwrümize buýsanjy, giň dünýägaraýşy, gujur-gaýratly, döredijilikli we tutanýerli zähmeti bilen berkarar döwletimizi has-da gülledip ösdürmelidirler. Watanymyzyň geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, asuda, abadan durmuşynyň bähbidine okamak, öwrenmek, döredijilikli, yhlasly zähmet çekmek, hemişe kämillige ymtylmak, il-ýurdumyzyň mertebesini, abraýyny gözüň göreji deýin goramak siziň durmuş ýoluňyzdaky baş maksadyňyz bolmalydyr. Watana, halka, adamzada ak ýürekden hyzmat edip, sylag-hormata mynasyp bolmak siziň mukaddes borjuňyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda belledi.

Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler hem-de ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek baradaky ägirt uly aladalary, işlemäge, okamaga, ýokary bilimli, täzeçil pikirlenýän, maksada okgunly ýaş nesilleriň kemala gelmegine, olaryň ukyp-başarnyklarynyň, döredijilik mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Häzirki döwürde Garaşsyz Diýarymyzda bilim ulgamyny ösdürmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, okuw işine täzeçillikler girizilýär. Hususan-da, on iki ýyllyk umumy orta bilime geçildi, dersleriň sanawynda ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelirleme we grafika, maglumat-aragatnaşyk hem-de innowasion tehnologiýalar ýaly dersler girizildi. Olar ýaşlaryň täze, döwrebap bilimleri özleşdirmekleri üçin mümkinçiliklerini artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, milli we halkara derejeli ders bäsleşikleriniň ýeňijileriniň sany ýylsaýyn artýar, ynsanperwer hyzmatdaşlyk giňeldilýär, ýaş türkmenistanlylar sportda, döredijilikde ýokary netijeleri gazanýarlar. Okatmak işi hem kämilleşdirilýär. Mugallymlar, bilim işgärleri yhlasly, döredijilikli zähmet çekmek bilen, mukaddes käriň abraýyny, ýurdumyzyň bilim kuwwatyny artdyrýarlar. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýärler.

Şu ýylky uçurymlaryň köpüsi häzirden saýlajak hünärlerini kesgitlediler. Ähli geljekki alymlary, şahyrlary, lukmanlary, inženerleri, gurluşykçylary, ýokary tehnologiýalary döredijileri we beýlekileri Watanymyza wepaly adamlar bolmak, Garaşsyz döwletimiziň mundan beýläk-de yzygiderli ösmegine we rowaçlanmagyna, onuň kuwwatyny, şöhratyny artdyrmaga mynasyp goşant goşmak baradaky belent maksat birleşdirýär.

...“Soňky jaň” dabarasy ýaşlaryň kalbynda hemişe aýratyn tolgunma duýgusyny döredýär. Şol gün uçurymlar mekdep mugallymlary bilen hoşlaşýarlar, mugallymlara, ene-atalara hoşallyk bildirilýär, täze okuw ýylynda mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlemäge taýýarlanýan körpelere bilimler dünýäsine gadam urmagyň özboluşly nyşanyny gowşurýarlar.

Mälim bolşy ýaly, “Soňky jaň” mynasybetli baýramçylyk dabaralary Watanymyzyň ýüregi, syýasy, işewürlik, jemgyýetçilik we medeni merkezi bolan Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelýär. Ak mermerli paýtagtymyzda bu gün ýaşlygyň nurana baýramynyň şatlygy al-asmana göterilýär. Şu gün uçurymlar üçin Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ähli welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine, muzeýlere, seýilgählere gezelençler guraldy.

Agşam baýramçylyk dabaralary Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde, Arkadag şäheriniň merkezi seýilgähindäki “Arkadag Binasynyň” öňündäki meýdançada bolsa sungat ussatlarynyň konsertleri boldy. Artistler, horeografik-folklor toparlary çykyşlaryny ajaýyp paýtagtymyza, Watanymyza, halkymyza bagyşladylar.

Orta mekdepleriň uçurymlarynyň hormatyna dürli medeni-köpçülikleýin çäreler ähli welaýatlarda, ilkinji gezek Arkadag şäherinde hem geçirildi.