Ï «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

view-icon 3861

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamak, kämilleşdirmek hem-de geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan netijeli işler adamzadyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan gadymy halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Biz dünýä meşhur halylary dokaýan çeper elli halyçylarymyzyň yhlasly zähmetine ýokary baha berýäris.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjy bolan türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmaly:

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Annabegi Nurýagdyýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Ýazgül Annaberdiýewna Begliýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Maýagül Halykowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Ogulbibi Tirkeşowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Jümagül Aşyrgulyýewna Mahramowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Rehmegül Jumageldiýewna Galkanowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 1-nji önümhanasynyň halyçysy Jeren Hydyrgulyýewna Taňyrberdiýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji önümhanasynyň halyçysy Dursun Çarýardurdyýewna Mämedowa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji önümhanasynyň halyçysy Aýjemal Kerimowna Pirimkulyýewa,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramaly haly önümhanasynyň halyçysy Gyzlargül Borjakowna Amannazarowa.


Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.