Ï Türkmenistanyň Ilçisi Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ilçisi Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

view-icon 2218
Türkmenistanyň Ilçisi Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary N.Ýylmazyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we sebitleýin hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde taraplar halkara we sebitleýin gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şol sanda
BMG-niň çäklerinde ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ýokarlandyrmak baradaky özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Bulardan başgada, Gündogar edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikde çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.