Ï S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçiriljek «Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» hakaton bäsleşigine gatnaşjaklaryň hasaba alnyşy açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçiriljek «Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» hakaton bäsleşigine gatnaşjaklaryň hasaba alnyşy açyldy

view-icon 2218
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçiriljek «Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» hakaton bäsleşigine gatnaşjaklaryň hasaba alnyşy açyldy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek «Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» hakaton bäsleşigine gatnaşjaklaryň hasaba alnyşy açyldy.

«Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» bäsleşiginiň düzgünlerine laýyklykda toparlaýyn bäsleşik görnüşinde geçiriler. Her okuw mekdepden düzümi üç talypdan ybarat bolan bir topar gatnaşmaga çagyrylýar.

«Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» bäsleşiginiň wezipesi GIS-tehnologiýalarynyň häzirki zaman mümkinçiliklerini ulanmak arkaly geomaglumat ulgamlary uzak aralykdan üste galtaşmazdan seljermeler geçirmek (zondirlemek) bilen bagly täze taslamalary we pikirleri döretmekden hem-de öňe ilerletmekden ybaratdyr. Bäsleşige gatnaşyjylar amaly maksatnama üpjünçiligini, web-hyzmat, geoportal ýa-da ykjam goşundy işläp taýýarlamalydyrlar. Bäsleşigiň meselelerini çözmäge 4 sagat wagt berler.

«Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» bäsleşigi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 2024-nji ýylyň 18-19-njy noýabrynda geçiriler. Bäsleşige gatnaşmak isleýän orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary uniwersitetiň tohu_hakaton@mail.ru elektron salgysy boýunça 2024-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli bellige alnyp bilerler. Habarlaşmak üçin telefon belgi +99365-63-36-44.

Anyk wezipeler çözlende täze, döwrebap pikirleri ulanmaga ukyply zehinli talyplary ýüze çykarmak, höweslendirmek we goldamak, olaryň döredijilik we intellektual ukyplaryny kämilleşdirmek, dürli pudaklarda geomaglumat ulgamlaryny, GIS-tehnologiýalary ulanmak başarnyklaryny kämilleşdirmek we ösdürmek «Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» bäsleşiginiň esasy maksatlarynyň hatarynda durýar.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça toparlaýyn görnüşde ýeňiji diýlip yglan edilenlere 1 sany baş baýrak, 2 sany I orunlaryň, 2 sany II orunlaryň hem-de 3 sany III orunlaryň eýeleri kesgitlener. Bäsleşigiň ýeňijileri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň degişli derejeli diplomlary bilen sylaglanarlar.

«Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» bäsleşiginiň geçirilmegi döwletimizde uly ylmy mümkinçilige eýe bolan zehinli ýaşlary terbiýelemek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ulgama innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.