15.04.2026
2222
Türkmenistanly talyp «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» diýen hormatly ada mynasyp boldy
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Medet Mäterow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» at bilen geçirilen halkara bäsleşikde I orna mynasyp boldy.
15.04.2026
2817
Kämil tehnologiýa, tutanýerli zähmet üstünligiň girewi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen ýurdumyzda döwrebap desgalardyr binalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär.
14.04.2026
5620
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
Şu gün paýtagtymyzda «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Forumyň maksady Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyrmakdan, halkara kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekden hem-de degişli ugurda öňdebaryjy tejribeleri we usullary öwrenmekden ybaratdyr.
14.04.2026
4054
«S7 Airlines» kompaniýasy Türkmenistanyň dünýä syýahatçylyk pudagyna goşulyşmagyna goşant goşmaga taýýar
Türkmenistanyň paýtagtynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň dabaraly açylyşy geçirildi.
14.04.2026
2261
Türkmen lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmeni GDA-nyň bäsleşiginde hormatly atlaryň ikisine mynasyp boldy
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diplomdan soňky taýýarlyk we hünär ýokarlandyryş bölüminiň baş hünärmeni Nowruz Myratdurdyýew Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen halkara bäsleşigiň çäklerinde hormatly atlaryň ikisine – «GDA-nyň iň gowy mugallymy» hem-de «GDA-nyň iň gowy ýaş alymy» diýen atlara mynasyp boldy.
14.04.2026
2968
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Açyk gapylar» gününe çagyrýar
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti geljekki 2026 – 2027-nji okuw ýylynda ýokar okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ähli dalaşgärler üçin «Açyk gapylar» gününiň geçiriljekdigini yglan etdi.
14.04.2026
1389
«Turkmentravel – 2026» meýdançasynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri
Aşgabat şäherinde dowam edýän «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi ynsanperwerlik we syýahatçylyk ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.
14.04.2026
2826
BSGG-nyň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsewiň arasynda duşuşyk geçirildi.
14.04.2026
4007
Türkmenistanyň futzal toparlary 2026-njy ýylyň baş baýragy ugrundaky göreşe başladylar
Futzal boýunça 2026-njy ýylyň esasy milli ýaryşy – Türkmenistanyň Naýbaşy ligasy Türkmenabatda geçen iki duşuşyk bilen başlandy.
14.04.2026
2836
«Arkadag» topary jerime urgusy bilen «Ahal» toparyndan üstün çykdy
«Arkadag» toparynyň futbolçylary Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2026-njy ýyl Türkmenistanyň çempionatyny «Ahal» toparyny 1:0 hasabynda utmak bilen başladylar.