mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Arhiw
news-photo

24.10.2025

total-veiw

4467

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany

Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onda çap edilen makalalar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň üçünji çärýeginde ýurdumyzyň daşary syýasy durmuşynda bolup geçen esasy wakalar bilen giň okyjylar köpçüligini tanyşdyrýar.

news-photo

24.10.2025

total-veiw

3999

«OGT 2025» sergisi halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge güýçli itergi berdi

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» (OGT) atly 30-njy ýubileý halkara maslahaty we sergisi halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin hakyky giň gerimli we netijeli meýdança öwrüldi. 

news-photo

24.10.2025

total-veiw

3970

Astrahanda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli « Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň duşuşygy» atly BMG-niň Modeli geçirildi

2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Astrahan şäherindäki General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda «Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň duşuşygy» atly BMG-niň Modeli geçirildi. 

news-photo

24.10.2025

total-veiw

3397

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) 16-njy sessiýasyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 19-23 oktýabry aralygynda Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) 16-njy sessiýasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.

news-photo

24.10.2025

total-veiw

3709

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow özüniň ynanç hatlaryň nusgalaryny Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Abdul Majid bin Raşid Al Samarä gowşurdy.

news-photo

24.10.2025

total-veiw

2743

Durnukly ösüş maksatlary barada hasabatlylyk ‒ hünärmenleriň üns merkezinde

Şu ýylyň 21 – 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň hasabatlylygy boýunça duşuşyk geçirildi. Ara alyp maslahatlaşmanyň barşynda durmuş-ykdysady, ekologiýa, hukuk we ýer ulanyş meseleleri gozgaldy.

news-photo

24.10.2025

total-veiw

2605

«CARAVAN» taslamasy metbugat sowatlylygy we emeli aňy ulanmak edebi boýunça okuw maslahatyny geçirdi

21 ‒ 24-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen «Mazmun döredijiler üçin metbugat sowatlylygyny we emeli aňyň integrasiýasyny ýokarlandyrmak» atly üç günlük okuw maslahaty geçirildi. «CARAVAN» metbugat taslamasynyň çäginde guralan depginli okuw maslahaty täze başlan žurnalistlere maglumatlary barlamagy, hekaýat beýan etmegi we emeli aň (EA) gurallaryny edepli ulanmagy öwretmäge gönükdirilendir.

news-photo

24.10.2025

total-veiw

2100

Özbegistan türkmen operatorlaryna serhedaşa syýahatçylyk ugurlaryny döretmegi teklip etdi

Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda goňşy ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini artdyrmaga we bu ugurdaky bilelikdäki işlere bagyşlanan mowzuky brifing geçirildi. Ilçi Rawşanbek Alimow Özbegistanyň syýahatçylyk pudagynyň häzirki gazananlary barada gürrüň berdi we türkmen syýahatçylyk operatorlaryny işjeň hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

news-photo

24.10.2025

total-veiw

3856

Türkmenistanyň lukmançylyk ýokary okuw mekdebi Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň assosiasiýasyna kabul edildi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň assosiasiýasynyň resmi taýdan täze agzalygyna saýlandy. 

news-photo

24.10.2025

total-veiw

5331

Türkmen alabaýynyň baýramy Balkan topragynda uludan toýlanylýar

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tutuş Diýarymyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem dürli täsirli çärelerdir dabaralar ýabaňlandyrylýar. Şeýle dabaralaryň biri Günbatar sebitiň merkezi Balkanabat şäherinde, Uly Balkan dagynyň eteginde ýerleşýän Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Balkan welaýat merkeziniň öňünde ýokary derejede guraldy.

...3233