20.07.2025
6236
LLDC3 programma BMG-niň Awazadaky maslahatynyň möhüm pursatlaryny ünsden sypdyrmazlygy mümkin eder
BMG-niň 4-nji awgustdan 8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşjaklar üçin işlenip düzülen LLDC3 programma olary ähli zerur maglumatlar bilen üpjün etmäge niýetlenendir.
19.07.2025
4749
Moskwa şäherinde GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 106-njy mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.Aýdogdyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 106-njy mejlisine gatnaşdy.
19.07.2025
4377
OGT 2025 güýçli depgin bilen dowam edýär: 100-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy hem-de energetika pudagynyň öňdebaryjy hünärmenleri çykyş etmek üçin çagyryldy
2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» atly 30-njy halkara maslahatynyň we sergisiniň taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar.
19.07.2025
2442
Türkmenistanyň gümrük işgärleri gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak boýunça hytaý tejribesi bilen tanyşýarlar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň dört hünärmenden ybarat wekiliýeti Şanhaý gümrük institutynda gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak boýunça okuw meýilnamasyny geçdiler.
19.07.2025
6209
Paýtagtymyzdaky Rus öýünde Halkara küşt güni bellenildi
20-nji iýulda bellenilýän Halkara küşt gününe bagyşlanyp, paýtagtymyzdaky Rus öýünde täsirli we kämilleşdiriş çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy bilen bilelikde guralan intellektual baýramçylyk ýaryşy 7 we ondan uly ýaşly küşt höwesjeňlerini bir ýere jemledi.
19.07.2025
2205
Türkmenistan Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Bütindünýä gümrük guramasy (BGG) tarapyndan gurnalan sebitleýin maslahata gatnaşdylar.
19.07.2025
5593
Şypahananyň şypasy – sagdynlygyň sapasy
Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlup ulanylmaga berlen, dünýäniň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, häzirki zaman binagärlik sungatynyň nazaryýeti siňen ajaýyp binalarda ýerleşýän ýurdumyzyň şypahanalar ulgamynyň biri – Lebap welaýatynyň çäginde, Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän «Farap» şypahanasy ildeşlerimiziň zähmet rugsadyna çykýan tomus paslynda has-da köp adamly.
18.07.2025
5138
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
18.07.2025
14686
M.B.Maşalow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Badyýewiç Maşalowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
18.07.2025
15499
Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça 2025–2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy tassyklanyldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak, adamyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, bu ugurda netijeli we toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça 2025 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.