08.07.2025
4163
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýokary okuw mekdebiň okuw merkezleriniň diňleýjilerine şahadatnama gowşuryldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkeziniň diňleýjilerine şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy boldy.
08.07.2025
4877
Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragyna hödürlenjek dalaşgärleriň resminamalary kabul edilýär
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher we welaýat geňeşlerinde Ýaşlar baýragyna dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işleri badalga aldy.
08.07.2025
3160
Türkmenistanyň wekiliýeti iş sapary bilen Zagrebde
2025-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat topar iş sapary bilen Horwatiýanyň paýtagty Zagreb şäherine bardylar.
08.07.2025
2969
Türkmenabat abatlaýyş zawody: gözlegler we belent sepgitler
Ýurdumyza dünýäniň meşhur kompaniýalaryndan oba hojalyk ulgamy üçin ýokary öndürijilikli, kuwwatly tehnikalar, oba hojalyk we tirkeg gurallary yzygiderli alnyp berilýär.
07.07.2025
4674
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
07.07.2025
3091
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.
07.07.2025
3415
Yslamabat şäherinde Halkara parlamentariler kongressiniň baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Halkara parlamentariler kongressiniň (IPC) Baş sekretary, senator hanym Sitara Aýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen IPC-niň arasynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
07.07.2025
5572
«Telekeçilik mekdebi» okuwa çagyrýar
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Telekeçilik mekdebi» dürli hünärler boýunça okuwa ýazylmaga çagyrýar.
07.07.2025
3779
Türkmen ýokary okuw mekdebinde milli reýtingiň ýeňijileri sylaglandy
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda baha bermegiň milli reýtinginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ol ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirildi.
07.07.2025
4260
Türkmenistan halkara maliýe guramalaryň goldawy bilen üç gäminiň gurluşygyna tender yglan etdi
«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi Türkmenistanyň deňiz flotunyň gurluşygy üçin Yslam ösüş banky we OPEK gaznasy bilen baglaşylan maliýeleşdirme Ylalaşyklaryň çäginde iki sany «Ro-Ro» görnüşli demirýol paromyny we bir gury ýük gämisiniň taslamasyny taýýarlamak, üpjün etmek we gurluşygyny dolandyrmak boýunça tender yglan etdi. Gämi gurluşygy «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda amala aşyrylar.