mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Arhiw
news-photo

18.07.2025

total-veiw

5630

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.


18.07.2025

total-veiw

15074

M.B.Maşalow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Badyýewiç Maşalowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.


18.07.2025

total-veiw

15953

Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça 2025–2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy tassyklanyldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak, adamyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, bu ugurda netijeli we toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça 2025 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.


18.07.2025

total-veiw

28266

Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda Türkmenistanyň Kanuny

Şu Kanun Türkmenistanyň saýlawlarda we sala salşyklarda ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

18.07.2025

total-veiw

29513

«Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny

I. 2011-nji ýylyň 21-nji maýyndaky «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 2, 39-njy madda; 2016 ý., № 1, 64-nji madda; 2017 ý., № 1, 16-njy we 31-nji maddalar, № 4, 145-nji madda; 2018 ý., № 2, 37-nji madda; 2019 ý., № 1, 10-njy madda, № 4, 92-nji madda; 2020 ý., № 1, 10-njy madda, № 3, 41-nji madda, № 4, 82-nji madda; 2021 ý., № 1, 14-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 151-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda) 15-nji maddasynyň 36-njy bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

18.07.2025

total-veiw

18279

«Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny

I. 2010-njy ýylyň 12-nji martyndaky «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 1, 15-nji madda; 2011 ý., № 4, 80-nji madda; 2016 ý., № 4, 165-nji madda; 2017 ý., № 2, 76-njy madda, № 4, 167-nji madda; 2018 ý., № 4, 93-nji madda; 2019 ý., № 1, 10-njy madda, № 4, 93-nji madda; 2020 ý., № 1, 10-njy madda, № 4, 82-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 31-nji madda, № 3, 76-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, 33-nji madda) 15-nji maddasynyň 71-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

18.07.2025

total-veiw

18321

Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny

I. 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Gümrük kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3, 61-nji madda; 2012 ý., № 3, 69-njy madda, № 4, 96-njy madda; 2015 ý., № 4, 127-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda; 2018 ý., № 2, 41-nji madda; 2020 ý., № 1, 11-nji madda; 2021 ý., № 1, 25-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 21-nji madda, № 3, 79-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 3, 74-nji madda, № 4, 90-njy madda) şu goşmaçalary girizmeli:

news-photo

18.07.2025

total-veiw

4739

Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

2025-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk boýunça brifing geçirildi.

news-photo

18.07.2025

total-veiw

5049

Türkmenistanyň Ilçisi Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryna ynanç hatlaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Wellington şäherindäki Hökümet öýünde Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tokiýo şäheri) Atadurdy Baýramowyň Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Sindi Kiro ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi.

news-photo

18.07.2025

total-veiw

5748

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary «Iň gowy ylmy makala – 2025» atly halkara bäsleşiginde ýeňiji boldular

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Deňiz we derýa ulaglarynyň Hazar institutynyň «Hazar ylmy žurnaly» atly ylmy neşiri bilen bilelikde ýola goýan «Iň gowy ylmy makala – 2025» atly halkara ylmy-barlag bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler.

...3364