19.04.2025
3034
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Al-Arabiýa” teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Riz Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.
19.04.2025
2867
Bişkekde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan tegelek stol gurnaldy
2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30-ýyllygy mynasybetli Gyrgyzystanyň Ž.Balasagyn adyndaky milli uniwersitetinde tegelek stol gurnady.
19.04.2025
4566
Türkmenistan gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýär
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Halkara ulag diplomatiýasy merkeziniň ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen duşuşyk geçirildi.
19.04.2025
3402
Daýhanlar üçin jogapkärli döwür
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň daýhanlary ýaz ekerançylyk işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Amala aşyrylýan işleriň ýokary derejede guralmagy netijesinde, bu ýerde sogan we ýeralma ekişi wagtynda tamamlandy. Takmynan iki müň gektara ýeralma, 490 gektar ýere bolsa sogan ekildi. Mundan başga-da, 50 gektar ýerde kelem ekişi üstünlikli geçirildi.
19.04.2025
2658
Energetika, maýa goýum we tehnologiýa hyzmatdaşlygynda täze gözýetimler
Türkmenistan ykdysady diplomatiýanyň täze derejesine çykýar. 23-24-nji aprelde Kuala-Lumpuryň (Malaýziýa) iň döwrebap Maslahatlar merkezinde geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy (TEIF-2025) energetika, durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy pudagynda ýylyň esasy wakasy bolar.
18.04.2025
4567
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
18.04.2025
4875
Medeniýet wakalary we Aşgabadyň teatrlarynda görkeziljek oýunlaryň rejenamasy
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry 20-nji aprelde Balkan welaýatynda çykyşlaryna başlar. Teatr topary Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde goşmak bilen, birnäçe şähere sapar eder. Artistler tomaşaçylary oýunlardan daşgary döredijilik we aýdym-saz agşamlary bilenem begendirerler.
18.04.2025
4446
Howanyň üýtgemegi bilen baglanşykly hereketleriň maliýeşdirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy
17-nji aprelde paýtagtymyzda döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda howa subsidiýalary boýunça pudagara geňeşmeler geçirildi.
18.04.2025
5205
Türkmenistanda «Owadan ýazuw» döredijilik bäsleşigi yglan edildi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bäsleşigiň maksady ýaş nesliň ünsüni türkmen döwletiniň gözbaşlaryna, taryhyna, medeniýetine, şygryýetine we edebiýatyna, geçmişde we häzirki döwürde gazanan üstünliklerine çekmekdir.
18.04.2025
4168
Bekdurdy Amansaryýewden ussatlyk sapagy
Ýakynda köpýyllyk iş tejribesi bolan žurnalist Bekdurdy Amansaryýew Türkmenitanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplarynyň nobatdaky myhmany boldy. Söhbetdeşlerden interwýu almak okuw sapagynyň möhüm temasy hökmünde saýlanyp alyndy.