11.09.2026
2935
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy, “Semena” assosiasiýasynyň başlygy Iwan Kuzmine doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
10.09.2026
7120
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen aýdym-saz sungatyny has-da kämilleşdirmek, täze aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeleri, ajaýyp zamanamyzy wasp etmek, il içinden zehinli aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan höwesjeň aýdymçy ýaşlary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu aýdymçy ýaşlary “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:
10.09.2026
3315
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Şu gün paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
10.09.2026
3925
Türkmen türgeni Gurbannazar Amandurdyýew Iordaniýada geçirilen Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy
Türkmenistanyň 17 ýaşly türgeni Gurbannazar Amandurdyýew Ammanda geçirilýän karate boýunça ýaşlaryň, ýetginjekleriň we 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilýän Aziýanyň 24-nji çempionatynda hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.
10.09.2026
4494
"Ýaş halas edijiler" at bilen bäsleşik geçirildi
Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdepde "Ýaş halas edijiler" at bilen bäsleşik geçirildi.
10.09.2026
3354
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.
10.09.2026
2740
Türkmenistanyň wekiliýeti «AIM Congress 2026» kongresine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 7 – 9-njy sentýabry aralygynda Dubaýyň Halkara söwda merkezinde «AIM Congress 2026» atly XV Kongres geçirildi.
10.09.2026
2489
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynda çäre geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak nobatdaky mejlisine we 2028-nji ýylyň Halkara hukugynyň ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäre geçirildi.
10.09.2026
2531
Türkmenistanyň wekiliýeti Parižde geçirilýän Halkara kosmos sammitine gatnaşýar
2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Pariž şäherindäki «Grand Palais» toplumynda ilkinji Halkara kosmos sammiti öz işine başlady.
10.09.2026
4419
Mekdep okuwçylarymyz mental hasaplamak boýunça dünýä çempionatynda ýokary netijeler görkezdiler
2026-njy ýylyň 5—7-nji sentýabry aralygynda Germaniýanyň Bielefeld şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionaty («The Junior Mental Calculation World Championship 2026») geçirildi.