26.08.2026
2873
Gazagystanyň Prezidenti türkmen synçylarynyň netijeli işini belledi
25-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
26.08.2026
3850
Gazagystanyň Prezidenti Awazada üç sany halkara sammite gatnaşar
25-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde şu ýylyň 7 – 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek sammitleriň halkara ähmiýetiniň ýokarydygy bellenildi.
26.08.2026
2510
Astana Türkmenistanyň Prezidentiniň Akaba prosesiniň mejlisine gatnaşmagyna uly hormat bilen garaşýar
Gazagystanda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň emeli aň ulgamyndaky howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan mejlise gatnaşmagyna uly hormat bilen garaşylýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde aýdyldy.
26.08.2026
4580
Ýokary hilli gurluşyk serişdeleri – ýokary hilli gurluşygyň kepili
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly wakalarynyň sanawynda gurluşyk ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzda gurulýan, ulanylmaga berilýän häzirkizaman enjamlary ornaşdyrylan döwrebap binalardyr desgalar berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny üpjün edýär.
26.08.2026
2895
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Serbiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
25.08.2026
2865
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
25.08.2026
4927
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmek amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
25.08.2026
3050
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilýän halkara mediaforumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde 24–29-njy awgust aralygynda geçirilýän «Yslam siwilizasiýasy: täze garaýyş, täze açyşlar» atly halkara mediaforumyna gatnaşýar.
25.08.2026
2996
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy: ylym, innowasiýa, ösüş
Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik Partiýasynyň Komitetiniň Sekretarynyň orunbasary, bu raýonyň Halk Hökümetiniň başlygy Erkin Tuniýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana sapar bilen geldi.
25.08.2026
3456
Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň etnograflary Altaýdaky ekspedisiýany tamamladylar
Altaý ülkesinde «Uly Altaý: türki miras – 2026» atly halkara etnografik ekspedisiýasy tamamlandy. On günüň dowamynda Russiýadan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan gelen alymlar sebitiň ýerli halklarynyň – kumandinleriň, çelkanlaryň, tubalarlaryň we altaýlylaryň durmuşyny hem-de däp-dessurlaryny öwrendiler.