mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ylym

news-photo

01.09.2021

total-veiw

10394

Mekdebe esger we mugallym Annak Sähetmyradowyň ady dakyldy

Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda Ahal welaýatyndaky Babarap obasynyň ýaşaýjylarynyň köp sanly haýyşy boýunça, şeýle hem Gökdepe etrap we Ahal welaýat häkimlikleriniň haýyşyny göz öňünde tutmak bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen 42-nji orta mekdebe obadaşlary Annak Sähetmyradowyň ady dakyldy. Mundan başga-da, oba okuwçylarynyň täze okuw jaýy “ýöriteleşdirilen mekdep” derejesini aldy.

news-photo

31.08.2021

total-veiw

11843

Täze mekdepler we bilimiň täze ugurlary

1-nji sentýabrda mekdep okuwçylary, şeýle hem birinji synp okuwçylary üçin täze okuw ýylynyň başlanandygynyň alamaty bolan ilkinji jaň ýaňlandy.

news-photo

24.08.2021

total-veiw

20743

Çagalar we ýetginjekler köşgi

Paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgi täze 2021- 2022-nji okuw ýyly üçin okuwçylary kabul etmegini dowam edýär. Iri okuw we medeni merkezi däp bolşy ýaly, okuwçylar üçin giň görnüşli ugurlar boýunça sowat öwretmegi tölegsiz esasda hödürleýär.

news-photo

23.08.2021

total-veiw

9441

Gadymy senetçiler şäheri Ulugdepä syýahat

Ahal welaýatynyň iň gyzykly taryhy ýadygärliklerinden biri-de Kaka etrabynda ýerleşýän Ulugdepe şäherçesidir. Onuň özboluşlylygy alymlara irki eneolit döwründen demir asyryna çenli (b.e. öňki IV-I müňýyllyklar) ýer astynda saklanýan syrlary açmaga kömek edýän tutuş Merkezi Aziýada iň çuňňur arheologik gatlaklarynyň bolmagydyr.

news-photo

17.08.2021

total-veiw

12449

ÝUNESKO: ilkibaşdan elýeter we inklýuziw bilim

Sentýabrda kiçi ýaşly çagalaryň bähbidine hyzmatdaşlyk täze Ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmegiň öňüsyrasynda ÝUNESKO-nyň «Ilkibaşdan: mekdebe çenli bilimde inklýuziw bilim arkaly inklýuziw bileleşikleriň gurluşy» we «Kiçi ýaşly çagalaryň inklýuziw terbiýesi we bilimi: borçnamalardan hereketlere!» atly iki hasabaty çap edildi. Olarda BMG-nyň Durnukly ösüş maksatlarynda (DUM) ýurtlaryň borçlaryna laýyklykda mekdebe çenli bilimi hemmeler üçin elýeter etmäge hökümetlere çagyryş bar. Guramanyň maglumatlaryna görä, dünýä ýurtlarynyň diňe 28% mekdebe çenli bilimi hökmany etdi.

news-photo

12.08.2021

total-veiw

10646

Bötendagyň gowaklarynyň açylmadyk syrlary

Zehinli  mugallym we barlagçy Igor Çernyş 20 ýyl töweregi Türkmenistanyň demirgazygynda gowakly ilatly ýerleri öwrendi. 

news-photo

11.08.2021

total-veiw

7288

Läbikli ýanardaglar

Gojaman Hazaryň tutuş kenarynda ýurduň çägindäki iň gadymy geologik döremeler – läbikli ýanardaglar  hereket edýärler. 

news-photo

10.08.2021

total-veiw

39762

Dagdan agajy dag gözelliginiň tumary we nyşanydyr

Türkmen tebigaty baý hem köp dürlüdir. Kopetdagyň gözel manzaraly jülgelerinde gezim etseň, ýylmanak gabykly, owadan zümerret ýaprakly, syratly beýik daragtlara duş gelýärsiň. Bu dagdandyr, oňa “Kawkaz güjümi” hem diýilýär.

news-photo

10.08.2021

total-veiw

5277

Kompostlamanyň planetamyza täsiri

Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) 2021-nji ýyldaky azyk galyndylarynyň görkezijisi baradaky hasabatyna görä, dünýäde her ýyl 1,3 milliard tonna azyk önümleri zaýalanýar.

news-photo

09.08.2021

total-veiw

9535

Ýashan – çölüň ajaýyp çeşmesi

Hywa, soň Köpetdag we Hazar aralygynda kerwen gatnadan kerwenbaşylar Sarygamyşdan Kelker duz ýatagyna çenli, ondan aňryk-da Aktamyň hanasynyň ugry bilen Balhan şoruna çenli uzalyp gidýän bu derýa jülgesine bäş barmagy ýaly beletdiler.

...223