Ylym
14.10.2024
4944
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri RUR uniwersitetleriň ählumumy görkezijisine girdi
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň ählumumy görkezijisine Round University Ranking (RUR) girdi.
12.10.2024
4898
Orta hünär okuw mekdepleriň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi
Aşgabadyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Aşgabat, Arkadag şäherleriniň hem-de Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda amaly-okuw maslahat geçirildi.
11.10.2024
4709
Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çekdiler
10-njy oktýabrda Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatynyň we serginiň çäginde ylym we bilim ulgamynda Türkmenistan bilen birnäçe daşary ýurtlaryň – Rumyniýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
11.10.2024
4712
«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalynyň nobatdaky sany çykdy
Häzirki ylmy gözlegler we döretmeler bilen gyzyklanýan alymlardyr hünärmenler bular bilen Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky tarapyndan neşir edilýän «Türkmenistanda innowasion tehnologiýalar» atly elektron ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sanynda çap edilen makalalar arkaly tanşyp bilerler.
10.10.2024
4819
Himiýa we gaz himiýasy pudagyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça halkara maslahat geçirer
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Himiýa we gaz himiýasy pudagynda innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar hasaba alynýar.
10.10.2024
3301
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda dermanlyk ösümlikleriň biologik dürlüligi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýasy barlaghanasy her ýylyň 10-njy oktýabrynda bellenýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dermanlyk ösümlikleriň sagaldyş häsiýetlerine bagyşlanan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri – dertleriň dermany» atly ylmy-amaly maslahat geçirdi.
09.10.2024
5249
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymy ýokary inženerçilik bilim babatda halkara maslahatyna gatnaşdy
Daulet Serikbaýew adyndaky Gündogar-Gazagystan tehniki uniwersitetinde «Engineering Education: Challenges, Trends, Best Practices (EE: CTBP)» atly halkara maslahat geçirildi.
08.10.2024
7851
Türkmenistanyň talyplary Soçide maliýe howpsuzlygy boýunça IV Halkara olimpiadada baýrakly orunlary eýelediler
Türkmenistanyň talyplarynyň dördüsi maliýe howpsuzlygy boýunça IV Halkara olimpiadada baýrakly orunlary eýelediler. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry Russiýanyň Soçi şäherindäki «Sirius» federal çäklerde geçirildi.
06.10.2024
4265
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Kent döwlet uniwersitetinde gepleşikleri geçirdi
2024-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda ABŞ-nyň Ogaýo ştatynyň Kent şäherinde bilim ministriniň orunbasary A.Ataýewiň we Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçisi M.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kent döwlet uniwersitetiniň prezidenti Todd Daýkon bilen duşuşygy geçirildi.
04.10.2024
6640
Türkmenistanda «Startap-ekoulgam 2024-2025» milli maksatnamasyna gatnaşyjylaryň saýlanylmagy dowam edýär
Türkmenistanda innowasion işewürlik taslamalaryny döretmäge, öz işewürlik maksatlaryny ösdürmek we iş ýüzünde amala aşyrmak ugrunda bilimlerini hem-de başarnyklaryny artdyrmaga gyzyklanýan ýaşlar üçin «Startap-ekoulgam 2024-2025» milli maksatnamasyna gatnaşjaklar saýlanyp alynýar.