Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň hem-de Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri Hazar deňziniň kenarýaka sebitlerine bilelikde ylmy ekspedisiýa gurady.
Meýdan işleriniň maksady deňziň terk eden kenarýaka sebitlerinde haýsy esasy ösümlikleriň ýüze çykýandygyny kesgitlemekdi. Ylmy saparda Hazar deňzine-de, Garabogazköl aýlagyna-da deň derejede üns berildi, bu ýer saý bolansoň, suwy has çalt çekilýär. Ýöriteleşdirilen maglumatlary ýygnamak we gaýtadan işlemek Hazar deňziniň meseleleri, şol sanda deňiz derejesiniň üýtgemegi, sebäpleri we uýgunlaşma strategiýasynyň nusgalary boýunça ýakyn wagtda geçiriljek ylmy konferensiýada Hazar ýakasynyň tebigy ulgamlarynyň özgerişini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreder.

Ylmy maslahatyň geljek ýylyň maý aýynda Bakuwda, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň (Tähran) we Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiniň howandarlygynda garyşyk görnüşde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäre dört mowzuky bölümi öz içine alar: Hazar deňziniň derejesiniň üýtgemegi; paleogeografik we howany öwreniş agtaryşlary; deňiziň derejesiniň nusgasy: kynçylyklar we çözgütler; deňiz derejesiniň üýtgemeginiň deňiz we kenar ekologik ulgamlaryna täsiri we kenarýaka sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşi; suw derejesiniň üýtgemegine uýgunlaşma strategiýalary.

Guramaçylyk komiteti, esasy çykyşlary goşmak bilen, Hazaryň kenar ýakasyndaky her döwletiň ylmy barlagçylarynyň huzury gatnaşmagyny goldamagy meýilleşdirýär. Onuň agzalygyna Tähran konwensiýasynyň we Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiniň ýurt wekilleri, şeýle hem milli ministrlikler tarapyndan bellenen daşky gurşaw goragy boýunça jogapkär hünärmenler girer. Düzümine dürli ýurtlaryň halkara meşhur alymlary girjek synçy topar konferensiýada okalmagy, soňlugy bilen bolsa, rus we iňlis dillerinde çap edilmegi üçin, 40-a golaý makalany (her bölümden 10-a çenli) saýlap alar.

Ylmy saparyň ahyrynda Hazaryň türkmen ýakasyna gaýdyp gelenlerinde, alymlar gidromorf guşaklykda şora çydamly birýyllyk ösümlikleriň köpdügini belleýärler. Tebigy profildäki bu düýpli üýtgeşiklik çüpremegi, çölleşmegi şeýle hem, bularyň tersine tebigatyň boş ýerleri doldurmak we tebigaty üýtgetmek ukybyny görkezýär. Öňki deňiz düýbünde ýüze çykýan «ýerüsti» ekologik ulgamlar tebigy toplumyň täze görnüşi hökmünde öwrenmek we syn etmek üçin gyzyklydyr.
