Ï Ýaşlar üçin telekeçilik bilen bagly açyk sapak geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaşlar üçin telekeçilik bilen bagly açyk sapak geçirildi

view-icon 131
Ýaşlar üçin telekeçilik bilen bagly açyk sapak geçirildi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýaş telekeçileriň we talyplaryň gatnaşmagynda açyk sapak geçirildi. Kadyrberdi Nurberdiýew öz tejribesine daýanyp, telekeçiligi guramakda diňe bir pikiriň däl, eýsem dogry gurluşyň hem möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylara telekeçiligiň içki gurluşyny, wezipeleriň netijeli paýlanyşy we jogapkärçiligiň takyk kesgitlenmeginiň kompaniýanyň ösüşine nähili täsir edýändigi barada gymmatly maglumatlar berildi. Belläp geçilişi ýaly, her bir üstünlikli kompaniýanyň binýady anyk kesgitlenen wezipelerden, düşnükli jogapkärçilikden we deňagramly paý gurluşyndan ybaratdyr.

Kadyrberdi Nurberdiýew öz çykyşynda telekeçilikde köp halatlarda tertip-düzgüniň we dolandyryş ulgamynyň ýok ýerinde üstünligiň bolmaýandygyny aýratyn nygtady. Şeýle-de ol dogry gurluşyň döredilmegi bilen islendik pikiriň durnukly we dolandyrylýan ulgama öwrülip bilýändigini mysallar arkaly düşündirdi.

Gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip, amaly maslahatlary aldylar. Bu bolsa çäräniň diňe nazaryýeti bilen çäklenmän, eýsem amaly taýdan hem ähmiýetlidigini görkezdi.

Çäräni Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler» merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik işleri boýunça merkezi tarapyndan bilelikde guradylar.

Açyk sapak ýaşlaryň arasynda telekeçilik medeniýetini ösdürmekde, biznesi dogry gurmagyň esaslaryny öwretmekde möhüm ädim boldy. Şeýle çäreleriň dowamly geçirilmegi geljekde üstünlikli telekeçileriň sanynyň artmagyna oňyn täsir eder.