Ï Orta mekdepleriň gutardyş synplarynyň okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleri geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Orta mekdepleriň gutardyş synplarynyň okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleri geçirildi

view-icon 97
Orta mekdepleriň gutardyş synplarynyň okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleri geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurdumyzyň orta mekdepleriniň gutardyş synplarynyň okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşiklerini geçirdi.

Matematika, fizika, himiýa we häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça olimpiadalaryň jemleýji II tapgyry ýurdumyzyň dürli künjeklerinden bäsleşikleriň I onlaýn tapgyrynda ýokary netijeleri görkezen onlarça mekdepleriniň zehinli wekillerini bir ýere jemledi.

Gelip gatnaşmak arkaly geçirilen finala Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we Ahal welaýatynyň gutardyş synp okuwçylary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna ýygnandylar. Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan bolan bäsleşikleriň finalçylary welaýatlaryň merkezleriniň ýörite bellenilen bilim edaralaryna çagyryldylar.

Bäsleşikleriň jemleýji tapgyrynyň netijeleri boýunça okuwçylaryň 24-si baýrakly orunlary eýelediler (dört ders ugurlarynyň hersinden 6 okuwçy).

Matematika dersi boýunça birinji orny Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň okuwçysy Şiraly Meredow eýeledi. Bilbil Hanowa (Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebi) hem-de Yhlas Annameňliýew (Balkan welaýatyndaky 2-nji orta mekdebi) ikinji orny eýelediler. Mary welaýatynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ylymlary çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiň okuwçylary – Aýşat Işangulyýewa, Myrat Meretdurdyýew we Şatlyk Guwanjow üçünji orny paýlaşdylar.

Fizika dersi boýunça birinji orun Balkan welaýatynyň Gumdag şäherindäki 31-nji orta mekdebiň okuwçysy Bahargül Gurbannazarowa berildi. Ikinji orny Nurana Narmuhammedowa we Aýgözel Jepbargulyýewa (Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky iňlis dili we takyk ylymlar çuňlaşdyrylyp öwredilýän 45-nji orta mekdebi) eýelediler. Kakageldi Söhbedow we Öwezgeldi Gadamow (Ahal welaýatynyň Sarahs etrabyndaky 18-nji orta mekdebi) şeýle hem Leýli Batyrowa (Mary welaýatynyň Mary şäherindäki zehinli çagalar üçin 24-nji orta mekdebi) üçünji orunda ýerleşdiler.

Himiýa dersi boýunça Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatyň okuwçysy Rüstem Jumaýew birinji orna mynasyp boldy. Ikinji orny Döwlet Durdylyýew (Mary welaýatynyň Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebi) hem-de Leýli Garlyýewa (Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky 2-nji orta mekdebi) eýelediler. Mähri Hojaýewa (Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebi), Süleýman Annalyýew (Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky 2-nji orta mekdebi) we Mährijemal Berdiýewa (Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 19-njy orta mekdebi) üçünji orun aldylar.

Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryny bilýän iň oňat okuwçylar: I orun – Maksat Şajykow (Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 37-nji orta mekdebi); II orun – Yhlas Gurbanmuhammedow (Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 24-nji orta mekdebi) we Atageldi Allaberenow (Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 21-nji orta mekdebi); III orun – Kakageldi Hommadow (Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 32-nji orta mekdebi), Berdimyrat Akköşekow (Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 132-nji orta mekdebi) hem-de Abdylla Saparmyradow (Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 65-nji orta mekdebi).

Guramaçylar olimpiadalaryň ýeňijilerini we baýrak eýelerini gutlap, işjeňlik görkezendikleri üçin ähli okuwçylara hoşallyk bildirdiler hem-de olara öňde boljak gutardyş we giriş synaglarynda üstünlikler arzuw etdiler.

Bäsleşikler ýokary okuw mekdep tarapyndan okuwçylaryň ylymlary öwrenmäge höweslerini artdyrmak, innowasion tehnologiýalary başarnykly ulanyp bilýän we öňde goýlan wezipeleri özbaşdak çözmäge ukyply ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň düşünjeli, maksada okgunly ýaşlary terbiýelemek maksady bilen geçirildi.

Olimpiadalaryň guralmagy milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň, şeýle hem Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny hem-de Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.