Türkmenistanda rus dilinde «Образование детей с ограниченными возможностями здоровья в условиях инклюзивного обучения» («Inklýuziw okuw şertlerinde saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň bilimi») atly täze okuw-usuly gollanma çap edildi.
Gollanma Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň ýokary bilim Federal döwlet býujet edarasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda baglaşylan özara hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga laýyklykda çap edildi.
Neşiri taýýarlamaga Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň işgärleri, Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professorlary we mugallymlary gatnaşdylar.
Okuw-usuly gollanmasynyň mazmuny girişden, dört baba girizilen bölümleriň on ikisinden, şeýle hem köne düşünjeleriň we adalgalaryň sözlüginden ybaratdyr.
Okuw gollanmasynyň girişinde saglyk mümkinçiligi çäkli bolan çagalary okatmagyň häzirki zaman meselelerine, hususan-da, bilim işine innowasion mugallymçylyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň wajypdygyna garalýar. Inklýuziw bilimiň bilim edaralarynda saglyk mümkinçiligi çäkli bolan çagalar üçin bilim almaga deň mümkinçilikleriň hem-de bökdençsiz elýeterliligiň döredilmeginiň göz öňünde tutulýandygy nygtalýar. Inklýuziw okamagyň şertlerinde çaganyň bilim almagynyň aýratyn şertleri sanalyp geçilýär. Bu okuw gollanmasyny taýýarlamagyň we neşir etmegiň ähmiýeti düşündirilýär.
Gollanmanyň baplarynyň dördüsi hem-de olarda ýerleşdirilen bölümler aşakdaky esasy temalara bagyşlanypdyr: «Saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň ösüşiniň aýratynlyklary», «Saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň psihologik-pedagogik anyklanyşy», «Saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan çagalary okatmagyň mazmunynyň nusgalaşdyrylyşy», «Saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan çagalar bilen işleri guramakda assistiw tehnologiýalar we elýeterli gurşawyň serişdeleri».
Gollanmada saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan çagalar bilen bilim maksatnamalaryny we okuw-terbiýeçilik işleri amaly guramak boýunça gymmatly usulyýet teklipleri berilýär. Inklýuziw bilim şertlerinde mugallymlara zerur bolan sanly bilim tehnologiýalaryny ulanmak boýunça maglumatlara uly ähmiýet berilýär.
Şonuň bilen birlikde, gollanmada saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan çagalary terbiýelemekde we okatmakda ene-atalaryň eýeleýän aýratyn orny nygtalýar. Şeýle çagalary dikeltmek boýunça işlerde maşgalanyň esasy wezipeleri sanalýar we beýan edilýär.
Möhüm maglumatlaryň degişli tablisalarda berilmegi bu okuw-usuly gollanma bilim taýdan gymmatlylygyny goşmaça artdyrýar.
Gollanmanyň ahyrynda sekiz sany goşundylar ýerleşdirilip, olarda beýan edilen materiallara goşmaça maglumatlar berilýär. Neşirde ýerleşdirilen sözlük kitabyň ähli mazmuny bilen baglanşykly has möhüm adalgalaryň we düşünjeleriň 62-sine düşündirişleri özünde jemleýär.
Inklýuziw okatmak boýunça täze okuw-usuly gollanmasynyň taýýarlanylmagy we neşir edilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» çäklerinde öňde goýulan wezipeleri we meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.
Türkmen we rus hünärmenleriniň bilelikdäki işleriniň saldamly netijesine öwrülen täze neşir mugallymçylyk hünär ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, bilim edaralarynyň hünärmenleri hem-de ene-atalar üçin saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň inklýuziw bilimini we terbiýesini üpjün etmekde gymmatly ugur görkeziji bolup hyzmat eder.