Hyzmatdaşlyk
18.08.2026
2834
Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki täze bellenen Baş konsuly bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 18-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki täze bellenen Baş konsuly Seýed Mostafa Hosseýnipur bilen duşuşygy geçirildi.
17.08.2026
3031
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi.
17.08.2026
2980
Türkmenistanyň Ilçisi Eýran Yslam Respublikasynyň Atçylyk sport federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi Y.Gaýypow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Atçylyk sport federasiýasynyň prezidenti Mahmud Heýdariniň arasynda duşuşyk geçirildi.
16.08.2026
2702
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly şygary astynda geçýän 2026-njy ýyl ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň has-da giňeldilmegine we pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işlere beslenýär.
15.08.2026
3118
Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesini tamamlaýar
2026-njy ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýan Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi.
15.08.2026
2816
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Bangladeş Halk Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň wekiliýeti bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Bangladeş Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Daşary işler ministrliginiň Gündogar we Günbatar ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça Sekretary Ilçi Nazrul Yslam bilen duşuşdy.
15.08.2026
2524
Aşgabatda ilkinji türkmen-bangladeş syýasy geňeşmeler geçirildi
2026-njy ýylyň 15-nji awgustynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Bangladeş Halk Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
15.08.2026
1249
Pakistan Yslam Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
14-nji awgustda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 79 ýyllygy we Pakistan döwletiniň düýbüni tutujy Muhammed Ali Jinnanyň 150 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň çäklerinde Pakistanyň lideriniň ömrüni we döwlet işini şöhlelendirýän sergi guraldy.
15.08.2026
1318
Hindistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 80 ýyllygy dabaraly bellenildi
15-nji awgustda paýtagtymyzda Hindistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä diplomatik wekilhanalaryň, döwlet edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.
14.08.2026
1119
Türkiýäniň ilçisiniň diplomatik wezipesiniň tamamlanmagy mynasybetli kabul edişlik dabarasy geçirildi
Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirokuň diplomatik wezipesiniň tamamlanmagy mynasybetli resmi kabul edişlik dabarasy geçirildi.