Hyzmatdaşlyk
03.12.2024
4833
Türkmenistanda Gresiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Ýekaterini Ksagorariden ynanç hatyny kabul etdi.
03.12.2024
5250
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeş boldular
2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Russiýa tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
02.12.2024
3808
Aral deňziniň howdanynyň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmegini ara alyp maslahatlaşmak boýunça sebitleýin maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 30-njy noýabryndan 1-nji dekabry aralygynda Aşgabatda Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESCAP) BMG-niň Aral deňziniň howdanynyň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmegini ara alyp maslahatlaşmak boýunça sebitleýin maslahaty geçirildi.
01.12.2024
5240
Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa - Hytaý” formatyndaky ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde (HHR) geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygyna gatnaşdy.
01.12.2024
4278
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde “Merkezi Aziýa - Hytaý” görnüşindäki Daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň arasynda duşuşyk geçirildi.
01.12.2024
5315
Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyga ygrarly
2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Howanyň üýtgemegi şertlerinde Azyk howpsuzlygy boýunça maslahata gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýewropadaky Sebitleýin býurosynyň Direktory Arnold Kreýlhuberiň arasynda duşuşyk geçirdi.
01.12.2024
4269
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwniniň arasynda duşuşyk geçirildi.
29.11.2024
4060
ÝHHG-niň ykdysady we ekologiýa işiniň utgaşdyryjysy bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen ÝHHG-niň ykdysady we ekologiýa işiniň utgaşdyryjysy Bakyt Žusupowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
29.11.2024
4588
Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň Baş direktoryň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Baş direktoryň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Wiorel Gusunyň arasynda duşuşyk geçirildi.
29.11.2024
4482
Türkmenistanyň wekiliýeti SPEKA 2024 Ykdysady forumyna we SPEKA-nyň Ýolbaşçylar geňeşiniň 19-njy mejlisine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 26-28-nji noýabry aralygynda Duşenbe şäherinde SPEKA günleriniň çäklerinde «SPEKA sebitinde ýaşyl ösüş» atly mowzuk bilen BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň – SPEKA 2024 Ykdysady forumy, şeýle hem SPEKA-nyň Ýolbaşçylar geňeşiniň on dokuzynjy mejlisi geçirildi.