Hyzmatdaşlyk
24.08.2024
5228
Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
24.08.2024
5631
Pakistanyň Milli logistika korporasiýasynyň ýolbaşçysy bilen gepleşikler geçirildi
2024-nji ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistanyň Milli logistika korporasiýasynyň ýolbaşçysy Farruk Şahzad Raonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
23.08.2024
4998
«Frontier Works Organization» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistanyň «Frontier Works Organization» kompaniýasynyň prezidenti we baş inženeri Kaşif Nazir bilen duşuşdy.
20.08.2024
6583
Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşyldy
Şu gün Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rudyň arasynda duşuşyk geçirildi.
17.08.2024
5968
Daşkent şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi açyldy
2024-nji ýylyň 16-njy awgustynda Özbegistan Respublikasynyň Çeperçilik akademiýasynyň binasynda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.
17.08.2024
6183
Üçünji «Ählumumy Günortanyň sesi» sammiti geçirildi
2024-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanow Hindistan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan wirtual görnüşde guralan üçünji «Ählumumy Günortanyň sesi» sammitiniň ministrler mejlisine gatnaşdy.
17.08.2024
5425
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen bolan duşuşyk barada
2024-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory hanym Inger Andersen bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
15.08.2024
6173
Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky Ilçisi Döwlet baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy
2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Lýublýana şäherinde Prezidentiň köşgünde Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi E.Aýdogdyýewiň (oturýan ýeri Moskwa şäheri) ýurduň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi.
15.08.2024
5887
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2024-nji ýylyň 14-nji awgustynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
14.08.2024
7142
Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň we döredijilikli ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk
30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde onuň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşmagyny dowam etdirip gelýär. Parahatçylykly ýaşamagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň, deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýän Türkmenistan halkara giňişlikde hemişe netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. 2025-nji ýylda Bitaraplygyň 30 ýyllygyny dabaraly bellemäge, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň geljek ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlyk görüp, Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklaryny dowam etdirer. Döwletiň anyk ädimleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň köpçülige ýetirjek ileri tutýan garaýyşlarynda-da öz beýanyny tapýar.