mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hyzmatdaşlyk

news-photo

14.08.2024

total-veiw

4542

Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Birleşen Arap Emirliklerindäki Türkmenistanyň Ilçihanasynyň binasynda «Türkmenistan bilen Seýşel Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama» gol çekişlik dabarasy geçirildi.

news-photo

14.08.2024

total-veiw

5338

Türkmenistan we TÜRKSOÝ hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmegi maksat edinýärler

2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Türkiýä saparynyň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşygy geçirildi. 

news-photo

14.08.2024

total-veiw

4923

Türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Ankarada saparda bolan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi.

news-photo

09.08.2024

total-veiw

6876

Döwlet Baştutanymyz köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen altynjy Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda ýakyndan we özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly ykdysady ösüşi gazanmak sebit gün gün tertibiniň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýandygyny belledi.

news-photo

09.08.2024

total-veiw

4607

Hormatly Prezidentimiz Konsultatiw duşuşyklaryň esasy maksadyny saklanyp galmalydygyny aýtdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen altynjy Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda her ýyl geçirilýän duşuşyklarynyň indi däbe öwrüldendigini we tejribäniň görkezişi ýaly, hemişe möhüm we derwaýysdygyny belledi.

news-photo

09.08.2024

total-veiw

5043

Hormatly Prezidentimiz: «Biziň halklarymyzyň öz gün tertibi bar: bular – parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk»

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen altynjy Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda häzirki döwürde dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda parahatçylygy, ylalaşygy we durnuklylygy gorap saklamak Merkezi Aziýa döwletleri üçin esasy ileri tutulýan ugur bolmagynda galmalydygyny aýtdy.

news-photo

09.08.2024

total-veiw

4832

Astana şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda Gazagystan Respublikasynyň DIM-nde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi.

news-photo

05.08.2024

total-veiw

5741

Türkmenistan we Filippinler Respublikasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

2024-nji ýylyň 3-nji awgustynda Filippinler Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň wekiliýeti «Clark Freeport» erkin ykdysady zolagyna baryp gördi. Bu sapar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, tejribe alyşmak we bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm ädim boldy.

news-photo

30.07.2024

total-veiw

6571

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

30-njy iýulda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.

news-photo

29.07.2024

total-veiw

7270

Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

...449

Täze habarlar