Hyzmatdaşlyk
16.09.2026
3561
Ýerewanda durnukly ulgamy ösdürmek boýunça halkara maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 14-15-nji sentýabry aralygynda Ýerewanda Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler we halkara söwda ministrligi hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen hyzmatdaşlykda «Sebitara we sebitiçi aragatnaşygy berkitmek üçin durnukly ulag geçelgelerini ösdürmäge ýardam bermek» temasy boýunça mümkinçilikleri ýokarlandyrmak barada iki günlük okuw maslahaty geçirildi.
16.09.2026
2238
Türkmenistanda 20-nji sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlary geçiriler
Türkmenistanyň çäginde bolýan Russiýa Federasiýasynyň raýatlary Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlarynda ses bermäge gatnaşyp bilerler.
16.09.2026
2147
Koreý tarapy türkmen tarapyna Koreýa Respublikasynyň raýatlaryny üstaşyr geçirmekde beren kömegi üçin hoşallyk bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
16.09.2026
1821
Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmäge koreý kompaniýalary çekilýär
Seulda geçirilen Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň ýokary derejeli mejlisiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi.
15.09.2026
3423
Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynda Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlanan tegelek stol geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde geçiriljek mejlisine bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Oňa Pakistanyň Ýaşlar parlamentiniň Prezidenti Ubaýd Ur Rehman Kureşiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
15.09.2026
3513
Moldowa Respublikasynyň Mejlisiniň agzasy, Türkmenistan bilen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen geçirilen duşuşyk
2026-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Moldowa Respublikasynyň Parlamentiniň agzasy, Türkmenistan bilen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Petru Burdužanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
15.09.2026
3357
Astanada Türkmenistanyň we Gazagystanyň kärdeşler arkalaşyklary birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklary birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.
14.09.2026
2903
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
Şu gün moldowa tarapyndan parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Petru Burdužanyň ýolbaşçylygyndaky Moldowa Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde birnäçe ministrliklerde, şol sanda Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn duşuşyklar, Mejlisde milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa bilen duşuşyk hem-de Türkmen-moldowan parlamentara dostluk toparynyň mejlisi geçirildi.
14.09.2026
1881
Türkmenistan: Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hyzmatdaşlygyň özboluşly ugry
Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) başlyklyk etmeginiň çäginde geçiriljek esasy çäreleriň taýýarlygy jemleýji tapgyra gadam basdy.
12.09.2026
4075
Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini işläp taýýarlamak we kesgitlemek boýunça ikinji sebitara konsultatiw duşuşyk
2026-njy ýylyň 11-12-nji sentýabry aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny (UN SPAS) durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini işläp taýýarlamak we anyklamak boýunça ikinji sebitara konsultatiw duşuşyk we suw diplomatiýasy boýunça Sebitara seminar geçirildi.